Döwrebap ylym-bilim — kämilligiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşleriň ak ýolundan öňe barýar. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz günsaýyn ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Ylymly-bilimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek beýik geljegimizi nazarlaýan döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesliň aňynda baky orun eýelejek bagtyýar şu günleriň iň oňat arzuw-maksatlara beslenmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler sanardan köpdür. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky işler hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda edilýän aladalaryň naýbaşysydyr.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň beýleki degişli düzümleri bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. Bular ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadynyň döredilendiginiň we onuň barha kämilleşdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýnagözel TAGANOWA,

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň
15-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok