Alymlar: Has çydamly betonlar üçin ulanylan agyz-burun örtüklerinden peýdalanyp biliner

Soňky ýyllarda ulanylyşy artan bir gezek ulanylýan agyz-burun örtükleri daşky gurşawyň hapalanmagyny döredýän hem bolsa, alymlar topary bu örtükleri has berk beton öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini nygtalýarlar.

Waşington döwlet uniwersitetiniň alymlary beton garyndysyna ulanylan agyz-burun örtüklerini goşdular, netijede beton adatydan 47% güýçli boldy. Gözlegçiler häzirki garyndy üçin bir gezek ulanylýan hirurgiki örtüklerden peýdalandylar.

Alymlar topary örtük matasyny 5-30 mm uzynlykdaky süýümlere böldiler we bu süýümleri grafen oksidiniň ergini bilen gardylar. Şeýle hem süýümleriň üstünde köplenç ulanylýan semente 0,1% göwrümde ýelim goşuldy. Synag edilende, täze döredilen betonyň adatydan 47% güýçlidigi anyklanyldy.

Alymlar bu usul bilen daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak şeýle-de bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini netijeli peýdalanmagy göz öňünde tutýarlar.

Akgül REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok