RF-nyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Смольный” institutynda okaýan türkmen talyplary minnetdarlyk hatlary we ýadygärlik sowgatlara mynasyp görüldi. Bu baradaky habary arzuw.news habar saýty TopSPB portalyna salgylanmak bilen habar berýär.
Türkmen talyplar käbir taslamalarda meýletinçilik işine işjeň gatnaşyp, bäsleşiklerde oňat netijeler görkezenligi we forumlara işjeň gatnaşmagy esasynda sylaga mynasyp boldular.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylda Türkmenistan – Sankt-Peterburg 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk babatynda resminama gol çekdiler. Häzirki wagtda Sankt-Peterburg şäherinde türkmenistandan 2000 töweregi talyp ýokary bilim alýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Sankt-Peterburg şäheri arasynda ylym-bilim, gözleg we ynsanperwer ugurlary boýunça göniden-göni aragatnaşyklar hereket edýär.
Täç MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler