БелАЗ dünýäniň iň kuwwatly ýük ulagynyň önümçiligini ýola goýdy

Halk we oba hojalyklarynda hem-de gidromelioratiw gurluşygynda, pudak ara we senagat gurluşyk işleri üçin biziň ýerli klimatik şertimize, ýol geçelgelerinde ulanmana amatly döwrebap “MAЗ, KаmАЗ, MAN, KpАЗ” ýaly kysymly ýük awtomobilleri sebit ýurtlarynda köp satyn alynýar. Has uly ýük göteriji awtomobilleri uly desgalar toplumynyň gurluşygynda we dag-magdan karýerlerinde ulanylýar.

Dünýäniň ýer asty baýlyklaryny, demir-magdan we kömür gazylyp alynýan karýerlerinde ýük daşamak üçin niýetlenen hereketlendirijisi iki sany dizel dwigatelli, her biriniň kuwwatlylygy 1715 kWt (2330 at güýçli) bolan ýük awtomobili Belarus awtomobil zawodynda öndürilýär. Ýük göterijiligi 450 tonna “БелАЗ-75710” kysymly bu ýyk awtomobili 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça–geçirilen synag meýdançasyna maksimal derejede agramy 503,5 tonna ýüki getirip Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazylýar.

Uzynlygy 20m 60sm, ini 9m 75sm. beýikligi 8m 26sm. Awtomobiliň öz agramy 360 tonna, ýük göterijiligi 450 tonna, jemi ulanyş agramy 810 tonna.

Handurdy ORAZMUHAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok