AT CyberSport – Kibersport bilen meşgullanmak üçin öndürilen enjamlaryň Türkmen IT-hünärmenleri tarapyndan döredilen we öndürilýän milli brendidir.
Häzirki wagtda E-sport gerek bolan enjamlary öndürýän ýurtlaryň sanawyna Türkmenistan hem goşuldy. Elektron sport enjamlaryny öndüriji ýurtlaryň azlygyna garamazdan milli brendiň Dünýä bazaryna girmegi ýurdumyda sanly ulgamyň ösüşlerini aýdyň beýan edýär.
Özleriniň döwrebap dizaýn, ussatlyk, ergonomika, ösen sazlamalaryň işleýşi we ulanyjy üçin amatly interfeýsi bilen tapuwtlanýan önümleriň birnäçesini öndürýärler. Muňa mysal edip milli brendiň döwrebap klawiaturalary, audio enjamlaryny we beýleki enjamlary görkezmek bolar.
Hanbeg HUDAÝKULYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler