Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp ýakyn günlerde Türkmenistan ukrain halkyna ynsanperwerlik kömegini ýollar.
Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.
Teswirler