Suw – ýaşaýyş çeşmesi

Ata-babalarymyz ynsan üçin zerur, onsuz durmuşy göz öňüne getirip bolmajagyny bilip, suwuň her bir damjasyny altyna deňäp, “Suw damjasy – altyn dänesi” ýa-da “Suw ýygnana köl bolar, köp ýygnansa il bolar”, “Suw – topragyň bereketli-hümmeti, bol suwly derýalar Watan gymmaty” diýen nakyllary döredipdir.

Umumadamzadyň ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň gadyr-gymmaty günsaýyn artýar. Şonuň üçin ony tygşytly ulanmak ýurtlaryň çäklerinden akýan derýalardaky suwlardan rejeli, deňhukukly peýdalanmak häzirki wagtda baş wezipeleriň birine öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, dünýäde onlarça derýalar birnäçe döwletleriň çäklerinden geçip, öz tebigy akymlarynyň ugruna akýar. Biziň sebitimiz üçin juda möhüm, asyrlar boýy şu ýerlerde mekan tutup, döwlet guran halklary bol suwy bilen gandyrýan, egsilmez ýeriň berekedine öwrülip azyk bolçulygy bolup desterhanlary doldurýan, dost-doganlygyň mizemez serhetlerinden geçýän Amyderýanyň suwy bu sebitdäki halklaryň buýsanjyna, guwanjyna öwrülýär.

Dünýäde ilat sanynyň köpelmegi, arassa agyz suwa bolan islegleriň ýylsaýyn artmagyň suw gorlarynyň möçberiniň azalýandygy sebäpli, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak möhüm meselä öwrülýär. Bütin dünýäde waiyp möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Suw serişdeleri, tebigaty goramak, ekologiýa meselesi boýunça halkara konwensiýalary döwletler üçin örän uly ähmiýete eýe bolmak bilen, halkara suw gorlaryny döwletleriň özara deňhukukly ýörelgesi esasynda doldurmaklaryny üpjün edýär.

Türkmen halkyny abadan we bagtyýar, asuda we bolelin durmuşda ýaşamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

.

Begnazar Şanazarow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok