Saz sungatynyň waspy halypalaryň dilinde

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgäri Halow Muhammetgulyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary, talyp ýaşlary we halypanyň şägirtleri gatnaşdylar.

Halow Muhammetgulyýew özüniň döredijilik ýoly, okuw kitaplary barada, şeýle hem akkordeon saz senediniň gelip çykyşy dogrusynda gyzykly gürrüňler berdi. Onuň kalbynda ömrüni bagyş eden hünärine bolan jogapkärçilik aýdyň duýulýar. Duşuşygyň dowamynda halypanyň talyplary özleriniň ussatlyklaryny görkezip, ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem halypanyň döredijilik ýolundan taýýarlanylan wideo şekiller duşuşyga gelen myhmanlaryň ünsüni çekdi.

Halow Muhammetgulyýew sözüniň soňunda talyplara we döredijilik duşuşygyna gatnaşanlara öz hoşallygyny bildirip, olara jan  saglyk, işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biz hem halypa mugallymymyza jan saglyk, aýdym-saz ugrundan ýaşlara bilim bermekde mundan-da beýläk üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

.

Aýna BEGENJOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok