Sanly bilim ulgamyna degişli adalgalar

Häzirki döwürde  dünýäde internet tory arkaly aragatnaşyk edip bolýan  Skype ýaly umumy elýeterli maksatnamalar hereket edýär. Uzak aralykdan okuwlar, ýokary, orta okuw mekdepleri oflaýn  sapaklary guramak üçin okatmagy  dolandyryş ulgamlaryny ulanýarlar. Bu bolsa öz gezeginde diliň sözlük düzüminiň baýlaşmagyna kömek edýän sanly bilim ulgamyna degişli adalgalar jemgyýetçilik durmuşynyň ähli giňişliklerinde, ýagny tele-radio ýaýlymlarynda, ylaýta-da orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde, ýöriteleşdirilen ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan sapaklarynda has köp ulanylmagyna getirýär. Bu adalgalar adaty sözler bilen tekstiň içinde bilelikde gelseler-de, olardan özleriniň, esasan, bir manylygy, görnüş taýdan bir taraplygy bilen tapawutlanyp, sözden ýa-da söz düzümlerinden ybarat bolup, ylmy düşünjeleri aňladýarlar.

“Bulutlaýyn” tehnologiýa – hasaplama gorlary we kuwwatlyklary ulanyja Internet hyzmaty hökmünde berilýän, maglumatlaryň uzak aralykdan gaýtadan işlenmegini we saklanylmagy göz öňünde tutýan tehnologiýa;

Bilim portaly- Internet maglumat-telekommunikasiýa tory arkaly bilim häsiýetli maglumat serişdelerine we hyzmatlaryna ulanyjylaryň giň toparynyň elýeterligi üçin niýetlenen maglumat;

Elektron resminama-resminamanyň bitewiligini we hakykylygyny anyklamaga mümkinçilik berýän elektron görnüş;

Elektron resminama dolanyşygy – “kagyz” görnüşindäki resminamalar bilen işlemegi iň az derejä ýetirýän ýa-da aradan aýyrýan elektron resminamalaryň hereketi;

Elektron okuw – iň täze maglumat we kompýuter tehnologiýalary, interaktiw usuly hem-de aragatnaşyk serişdelerini, şol sanda Internet we Internet ulgamlaryny ulanmak arkalay guralýan okuw;

Elektron bilim gory – bilim maksatlary üçin ulanylýan elektron gorlary özinde jemleýän toplum;

Elektron maglumat binýady – sanlaýyn görnüşde berlen kompýuter ulgamlarynda saklamaga we gaýtadan işlemäge niýetlenen maglumat binýady;

Elektron hyzmat- maglumatlary gözlemek, almak, toplamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýaýratmak, şeýle hem telekommunikasiýa we hasaplaýyş tehnikasy serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýan maglumatlary goramak boýunça iş;

Elektron sanlaýyn gol – elektron resminamanyň resmi maglumaty bolup durýan we onuň bitewligini hem-de hakykylygyny tassyklamaga belgileriň yzygiderligi;

Elektron okuw kitaby (gollanmasy) – okuw dersiniň (onuň böleginiň, temasynyň) okuw maksatnamasynyň) okuw maksatnamasyna laýyklykda ulgamlaşdyrylyp beýan edilen görnüşdäki elektron okuw neşiri;

Elektron nusga – “kagyz” görnüşdäki nusga bilen işlemegi iň az derejä ýetirýän ýa-da aradan aýyrýan resminamanyň elektron (sanlaýyn) nusgasy;

Maglumat gory – maddy göterijilerde belli bir kadalar boýunça guralan gurluşlaýyn we özara baglanyşykly maglumatlaryň toplumy;

Maglumat banky-düzüminde bir ýa-da birnäçe maglumat gory we olary dolandyrýan ulgam bolan guramaçylyk-tehniki toplum;

Maglumatlaryň elýeterliligi – maglumatlary almagyň we olardan peýdalanmagyň mümkinçiligi;

Maglumatlaşdyrmak – maglumat gorlaryny döretmek, ulanmak hem-de olaryň özara gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin deslapky şertleriň döredilmegini üpjün etmek, durmuş-ykysady we ylmy-tehniki;

Maglumat-aragatnaşyk ulgamy – maglumatlaryň döredilmegini, berilmegini, gaýtadan işlenilmegini, ulanylmagyny, saklanylmagyny, goralmagyny, ýok edilmegini üpjün edýän tehniki we programma serişdeleriniň, aragatnaşyklarynyň, işgärleriň, tehnologiýalaryň, standartalaryň, beýanlaryň jemi;

Maglumat gurşawy – maglumatlaryň döredilmegini, toplanylmagyny, saklanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini, berilmegini we ulanylmagyny üpjün edýän şertleriň, tehniki, programmalaýyn we beýleki serişdeleriň jemi. Maglumat gurşawy maglumat işlerine täsir edýän syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki şertler bilen maglumat gorlarynyň üstüniň ýetirilmegini, maglumat giňişligini öz içine alýar;

Maglumat – aragatnaşyk tehnologiýasy- ulanyjylaryň bähbidine maglumatlaryň toplanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini, saklanylmagyny, ýaýradylmagyny, görkezilmegini, ulanylmagyny üpjün edýän maglumat tehnologiýalarynyň we elektron aragatnaşyk tehnogiýalarynyň jemi;

Maglumat jemgyýeti – jemgyýetiň ähli ugurlarynda bilimleriň we maglumatlaryň tutýan ornunyň adamlaryň şertine, bilimine we işine, şeýle hem döwletiň we raýat jemgyýetiniň bilelikde işlemegine aýgytly täsir etmegi bilen tapawutlanýan umumy ösüş;

Maglumat ulgamy – maglumat banklarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň we programma –tehniki serişdeleriň  jemi;

Multimediýa tehnologiýasy – interaktiw programma üpjünçiligi dolandyrylanda şekil we ses täsirleriniň utgaşykly işlemegi;

Maglumatlary gaýtadan işleýän merkez (MGIM) – hasaplaýyş-tehniki  serişdeleriň we beýleki enjamlaryň esasynde döredilen, maglumatlary toplamaga, gaýtadan işlemäge, olaryň elýeterliligini üpjün etmäge we ibermäge niýetlenen programma-enjamlaýyn toplum. MGIM-niň esasy maksady elýeterli, ygtybarly, howpsuz dolandyryjylyk şertleri bilen onda oturdylan maglumat ulgamlaryň kepillikli, bökdençsiz işini etmekdir;

Uzak aralykdan bilim almak – häzirki zaman aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagynda uzak aralykdan bilim almak. 

Bu adalgalary dogry we ýerlikli ulanmagy gazanmak üçin olaryň manysyna  dogry we doly düşünmek zerurdyr. Olaryň  doly özleşdirilmegi sanly bilimden doly we dogry ulanmaga ýardam eder.

Gurbangül MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok