Absent – taryhda yz goýan türkmen bedewi

Mälim bolşy ýaly, taryhda yz goýan onlarça türkmen bedewleri bar. Şolaryň biri-de Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda uly yz galdyran Absent türkmen bedewidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserinde bu barada giňişleýin beýan edilýär.

Absent – ajaýyp gara-dor bedew bolup, ol 1952-nji ýylda Gazagystandaky Jambyl şäherinde dünýä inýär. Atyň şejeresi gadymy türkmen topragynda müňýyllyklaryň dowamynda ýetişdirilen ajaýyp atlardan gözbaşyny alýar. Absentiň aňyrsy 1885-nji ýylda doglan meşhur Boýnaw atly bedewden gelip çykyp, ol Arap we Bakkara diýen atlaryň neslidir.

Bar bolan käbir maglumatlara görä, Absent 1955 — 1968-nji ýyllarda atçylyk sportunda uly yz galdyrypdyr. Bu gara-dor bedewiň ilkinji çapuwlary Almaty şäheriniň aýlawlarynda geçýär. Absent – 1958-nji ýylda Moskwada geçirilen Bütinsoýuz oba hojalyk sergisinde ahalteke atlarynyň arasynda owadanlygy üçin I derejeli attestat bilen sylaglanylýar. Şol sergide Absenti gören SSKA komandasynyň atçylyk sportunyň ussady Sergeý Iwanowiç Filatow atçylyk sportuna taýýarlamak üçin ony Moskwa alyp gaýdýar.

Absent ýörite taýýarlykdan soň şol döwürlerde Germaniýada, Şweýsariýada, Italiýada, Meksikada, Ýaponiýada, Günorta Amerika ýurtlarynda geçirilen ýaryşlarda we olimpiýadalarda birinjiligi alýar.

Ogulgerek MUHAMMETDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok