Uçýan awtoulaglar üçin dünýädäki ilkinji howa menzili açyldy

Angliýada ýerleşýän infrastrukturany ösdüriji “Urban-Air Port” şereketi dünýädäki ilkinji ýörite howa menziliniň açylanlygyny habar berdi. Bu howa menzili uçýan awtoulaglara, taksilere, adamsyz howa uçarlaryna hyzmat eder.

Awtoulag kompaniýalary, ýene bir gezek bu täze “Vertiport”-uň açylmagy bilen hakykata bir ädim golaýlaşdy. “Air-One Vertiport” diýlip atlandyrylýan bu howa menzil Angliýanyň Coventry şäherinde açylyp ulanylmaga berildi. Bu howa menzili beýlekilerden tapawutlylykda uçýan awtoulaglara, taksilere, adamsyz howa uçarlaryna, dronlara, dik uçuş we gonuş uçarlaryna hyzmat berer.

“Air-One”-yň esaslandyryjysy, Angliýada ýerleşýän “Urban-Air Port” öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda dünýäde ýene-de 200-den gowrak vertiports desgasyny bina etjekdigini mälim etdi. Ulanyşa beriljek her bir “Vertiport” dört sagadyň dowamynda ýurduň birnäçe nokatlaryna ýetmek mümkinçiligini berer.

2027-nji ýyla çenli guruljak 200-den gowrak duralganyň ilkinjisi Los Anjelesde, Awstraliýada, Günorta Koreýada, Fransiýada, Germaniýada, Skandinawiýada we Günorta-Gündogar Aziýada açylmagyna garaşylýar. “Air-One”-yň täze transport eýýamynyň başlangyjy boljakdygyny mälim eden “Urban-Air” portunyň düýbüni tutujy we ýerine ýetiriji direktory Riki Sandhu şäherleriň arasyndaky dyknyşygyň azaljakdygyny we adamlaryň has sagdyn we oňaýly syýahat etjekdigini aýtdy.

Bibi ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok