Pissäniň adam saglygyna peýdasy

Adamyň öz saglygyny berkitmek we sagdyn ýaşamagy üçin iýýän önümleriniň her biri oňa örän güýçli täsir etmeli. Bedene täsir edijiligi bilen ýokary we özüniň tagamlylygy bilen tapawutlanýan önümleriň biri hem pisse hasaplanylýar. Pissä botanikada “Pistacia vera” diýlip atlandyrylýar. Bu önüm gaty gabygy hem-de ýaşyl ýadrosy şeýle-de özboluşly tagamy bilen köpleri haýrana galdyrýar. Peýdalylygy köp bolanlygy üçin pissä “durmuş agajy” hem diýilýär. Pisse esasan yssy we gurak ýurtlarda ýetişýär, ýagny olar Demirgazyk-Günbatar Afrikanyň, Aziýanyň, Siriýanyň, Mesopotamiýanyň we Eýranyň demirgazyk-gündogar bölegine giňişleýin ýaýrandyr. Şeýle hem bu ösümliklere Merkezi Amerikada we Tehasda hem duş gelmek bolýar. Biziň güneşli diýarymyzda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda ýabany pisse agaçlary ösýär. Bu ösümlik Gresiýada, Ispaniýada, Italiýada we Türkiýede hem ösdürilip ýetişdirilýär. Türkiýe pisse önümini eksport etmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hasabyna girýär. Pisse agaçlary tebigatda tohumlar we baldaklary arkaly köpelýär. Pisse agajy kalsiý elementlerine baý bolan topraklary söýýär. Kadaly ösüp, boý almagy üçin kalsiýni işjeň ulanýar. Pisse agajynyň gülleri aprel aýynda peýda bolup, miweleri sentýabr-noýabr aýlarynda bişýär. Pisse agaçlarynyň hersi 400 ýyla çenli ýaşap uzak ömri bilen tanalýar. Pisse yssylyga we ýagtylyga durnuklydygyna garamazdan, bu agaç -25 gradusa çenli aýazlara çydap bilýär. Ösümligiň ýapraklary gün şöhlesiniň täsirinde aşa köp zäherli efir ýaglaryny bölüp çykarýar. 2,5 müň ýyldan gowrak wagt bäri peýdalanylyp gelinýän bu önüm gündogarda we dünýäde toniki täsir edýän önüm hökmünde baha berilýär. Her ownuk hozda  marganes, kaliý, fosfor, mis we magniý ýaly elementler bardyr. Pisse ýürek we gan damarlaryna şeýle-de bagyr we dem alyş ýollarynyň keselleri üçin örän peýdasy uludyr. Goşmaça kömek hökmünde olar gepatit we ganazlykly näsaglaryň iýmitine girizilýär. Hasyl ýygnalandan soň, hozlar adatça güne serlip guradylýar. Bu gaýtadan işlemegiň usulynyň himiki serişdeleri ulanmagy öz içine almaýar, şonuň üçin pisse ekologiýa taýdan arassa önüm hasaplanyp bilner. Guradylan hozlary azyndan bir ýyl saklap bolýar.

Eziz ŞIRMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok