Ösüşlere beslenýän ykdysady pudaklar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen, öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwürmek boýunça görlüp-eşidilmedik ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlaryna hem degişlidir. Ajaýyp zamanamyzda bu pudaklarda hem işler ýokary derejede täzeçe guralýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary esasynda innowasion täzelikleri we bu babatdaky halkara tejribesini önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan tutumly işler ösüşiň täze belentliklerini üpjün edýär. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlarynyň işgärleriniň göz öňünde tutulan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmaklary, milli hem-de halkara ähmiýetli möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaklary netijesinde haýran galdyryjy üstünlikler gazanylýar. Netijede, bu pudaklar uly ösüşlere beslenýär.

Alnyp barylýan gurluşyklarda ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanylýandygyny, şeýle hem olarda, esasan, ýerli çig maldan öndürilen gurluşyk materiallarynyň ulanylýandygyny ýeri gelende belläp geçmek gerek. Milli ykdysadyýetde energetika pudagyna hem aýratyn orun degişlidir. Şonuň üçinem elektrik energiýasy pudagyny döwrebap derejede ösdürmek, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge, eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Jemagat hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işleriň miweleriniň biridir. Şonuň üçinem jemagat hojalygy ulgamynyň işiniň döwrüň ösen talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär.

Daýanç GURBANOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok