“Nusga” sergi diwarlygy Hormat hatyna mynasyp boldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti birnäçe wagtdan bäri özüniň öndürýän dürli hili önümleri bilen halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolup gelýär. Şol önümleriň arasynda “Nusga” haryt nyşanly türkmen syýagalamlary aýratyn orun tutuýar.
Bu syýagalamlar 2021 – nji ýylyň maý aýyndan başlap ulanyjylaryň hyzmatynda. Öndürilip başlanylanyna köp wagt bolmadyk bolsa-da, bu önüm içerki we daşarky bazarlarda aýratyn orny bardyr. Sebäbi bu syýagalamlar özleriniň üýtgeşik aýratyn taraplary bolup içerki we daşyndan getirilýän syýagalamlardan hil we amatly baha boýunça tapawutlanýar. Bu aýratynlyklar bolsa “Nusga” syýagalamlaryna bolan isleglerini has – da artdyrýar hem-de adybelli brend önüm bolup ýetişmeginde uly itergi berýar.
Kuwwatlylygy her aýda 4 million syýagalam öndürmäge ukyply bolan bu önümçilikde gara, gyzyl, gök, ýaşyl syýa reňklerinde bolup, daşky keşbi boýunça tegelek, altyburç we üçburç topukçaly görnüşde bolýar. Bu syýagalamlarynyň ýenede bir aýratyn tarapy bularda göwdäniň içinde syýanyň ýoklugydyr. Bu syýagalamlaryň önümçiliginde syýany gönüden-göni göwdäniň içine guýmak tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýa önümiň hilini ýokarlandyrýar.
“Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mart aýynda geçiren senagat sergisinde işjeň gatnaşdy we baýrakly oruna mynasyp boldy.
Şunuň ýaly ýokary hilli çig mallardan we adaty bolmadyk tehnologiýalarda sünnälenip taýýarlanylandan soň adamlaryň ellerinde rahat we ýumşaklygy üpjün edýän hem – de içerki bazarlarda in amatly bahalarda satylmagyny gazanýan bu hojalyk jemgyýetiniň işine uly üstünlikler arzuw etmek bilen önümleriniň daşary ýurtlara edilýän ekspordynyň möçberiniň ulalmagynyň tarapdarydyrys!

Söýünow Şyhmyrat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok