Ganatly bedewler halkymyzyň milli buýsanjy

Behişdi bedewiň ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň aýdyň beýanyna öwrülmegi kanunalaýykdyr. At halkymyz üçin wepaly ýoldaş we dostdur, ygtybarly kömekçi hem-de sazlaşygyň nusgasydyr, şonuň üçin bedew barada şygyrlaryň, rowaýatlaryň ertekileriň we nakyllaryň döredilmegi tötänden däldir. Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewi jadyly güýje öwürdi, şonuň üçin behişdi bedewler arzuw, üstünlik ýaly duýgular, ýagşy arzuwlar bilen sazlaşýar. Türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýy, şan-şöhratly ýollary öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. At münmek, at çapmak her bir ýigide çalasynlygy, batyrlygy, edermenligi, ugurtapyjylygy, watansöýüjiligi terbiýeleýär.  

Däp bolşy ýaly,  her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda gözelligiň baýramy bolan behişdi bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu baýram gününde geçirilýän, gözellik bäsleşikleri, maslahatlar we sergiler, behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän aýdym-sazly dabaralar özboluşly mana eýe bolýar.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli baýlygyna we buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak  boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň beýleki görnüşlerini, şol sanda konkur, marafon bäsleşiklerini halkara derejede geçirmek üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri syn-sypaty, gözelligi bilen muşdaklaryny özüni çekip, dünýä döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýär.

.

Alymuhammet GURBANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok