Sanly ösüş – kämillige tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlaryna gadam goýýar. Şol maksatlaryň esasy  we döwlet syýasatymyzyň düýp özeni, halkymyzyň durmuşyny  gowulandyrmakdyr.

Hormatly Prezidentimiz dünýä ülňilerine laýyk gelýän  innowasion tehnologiýalary durmuşymyza  ornaşdyrmak, pudak edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek ugrunda irginsiz aladalar edýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuşynda sanly ulgamyň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Häzirki globallaşmak şertlerinde tehnologik taýdan özgertmeler ösüşiň esasy serişdeleriniň biridir. Şonuň bilen birlikde sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär.

Sanly tehnologiýalaryň dünýäde okgunly ösýän, aýratyn hem ýaşlaryň iş bilen meşgullanmagyny üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň milli nusgasyny işläp taýýarlamagy  maksat edinýär.

Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň hususy ulgamyna hem özüniň oňaýly täsini ýetirýär. Sanlylaşdyrmak bu gün dünýä şertleriniň yzygiderli üýtgäp durýandygyny nazara almak bilen zerurlyk hasaplaplanylýar. Önümçilik ulgamlaryny sanlylaşdyrmak senagat pudaklarynda  zähmetiň netijeli bolmagyny we ykdysady ösüşiň ýokary depginlere ýetmekligini üpjün edýär. Sanly tehnologik serişdeler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda  hem ornaşdyrylmagy, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň toplumynda hem  sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde işjeň ulanylýan döwrebap tehnologiýalar tele we radio gepleşiklerinde möhüm orun eýeleýär we ýokary hili derejesini üpjün edýär.

Sanly ulgama geçmeklik bilen  birlikde  bu ugurdaky ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy ýiti zerurlyk bolup durýar. Bu babatda bolsa ýokary derejeli  hünärmenleriň taýýarlanylmagy üçin “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenilip düzüldi. Bu konsepsiýany durmuşa geçirmeklik tapgyrma- tapgyr amala aşyrylýar we özüniň oňyn netijesini görkezýär.

.

Saparmyrat MÄMMETMYRADOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen  döwlet
uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok