Dünýä meşhur behişte bedewlerimiz

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri adamzadyň taryhynyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň ata-babalary şöhratly « Nusaý atlary » tutuş dünýäniň atçylygynyň täji, özbaşdak hakyky sungat eseri hökmünde garalýar.

Meşhur atşynaslaryň aýtmaklaryna görä, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişti bedewler öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy, ylham joşguny we milli baýlygy bolmagynda galýar.

Türkmen aga şatlykly gününde  dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr.

Bilişimiz ýaly, ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýändir. 

Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda Ahalteke bedewleri seýislemek sungatyny UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taýýarlamak işi dowam edýär. Bu edilýän işleriň ählisi türkmen ahalteke bedewlerine şeýle ýokary baha berilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

.

Arslan SYÝAHATOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok