Mälim bolşy ýaly, sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüş ýollaryny kesgitleýän möhüm şerte öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrylmagy adamlaryň durmuşynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine itergi berdi. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we osdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde düzüm gurluşlarynyň ähli birlikleriniň, şol sanda maliýe ulgamynyň we döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde esasy wezipeleriň biri bolan sanly ulgamda işlemegi başarýan, häzirki zaman maglumat-tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze dersleriň girizilmegi netijesinde önümçilikde işiň mazmunyny düýpgöter üýtgetmegi başarýan, täze ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de işe innowasion häsiýet bermäge ukyply hünärmenleriň toparynyň döredilmegine oňyn şertler döredildi.
«Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi geljekki ýyllarda häzirki hereket edýän pudaklaryň tapgyrlaýyn sanlylaşdyryljakdygyny aňladýar. Ýurt derejesinde ykdysady ösüşiň «däp» bolan ugruna öwrülýändigine garamazdan, häzirki döwürde milli ykdysady ulgam sanlylaşdyrmagyň geçiş tapgyryny başdan geçirýär. Bu şertler häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärlerden sanly sowatlylygyň, maglumatlary gözlemek, döretmek, işläp taýýarlamak, ulanmak, ýaýratmak we özara alyşmak boýunça ukyp-başarnygynyň yzygiderli ösdürilmegini talap edýär.
Jumageldi MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler