Şugundyryň dermanlyk häsiýetleri

Häzirki wagtda dün­ýä­de ön­dü­ril­ýän şe­ke­riň 30 göte­ri­mi şu­gun­dyr­dan alyn­ýar. Bu  di­ňe bir şe­ker al­mak maksat bilen däl-de, iýmit hök­mün­de hem giň­den ula­nyl­ýar. Ka­liý, demir, mag­niý, C we B wi­ta­min­le­ri­ne baý bo­lan bu gök ekin, ynsan saglygy üçin örän peý­da­ly­dyr. Süý­ji ta­ga­mly şugundyryň bir­nä­çe gör­nü­şi häzirki wagtda giňden ýaýran. Olaryň go­ýy gy­zyl, ak, sa­ry reňk­lisi bol­ýar. Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy owadanlyk bilen bezeýän şugundyryň adamyň jan-saglygy üçin peýdasy örän köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý elementleri bar. Şeýle-de onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary hem dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle-de nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Mundan başga-da düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) keselinde iýmek peýdalydyr. Muny ýasamak üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar.

Şeýle-de, şugundyrda betanin ýaly madda bolup, ol düwnük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyr näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar. Ýöne şugundyryň şerbetini aşa köp mukdarda içmek maslahat berilmeýär. Sebäbi ol böwreklerde agyry döredip bilýär. Eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler. Düzüminde bar bolan ýokumly maddalar bolsa ganazlygy bejermäge giňden ýardam edýär. Şugundyr iç gatamada  peýdasy uly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda peýdalanylýar.

Şu­gun­dy­ryň iý­mit­lik hök­mün­de ula­nyl­ýan gy­zyl gör­nü­şin­den baş­ga-da, 15 töweregi görnü­şi duş gelýär. Gy­zyl şu­gun­dy­ryň şi­re­si  adam sag­ly­gy üçin örän ýokary peýdasy bolup, lukmanlar tarapyndan saglygy bejermekde maslahat berilýär. Gant şu­gun­dy­ry bol­sa, adat­ça şe­ker al­mak üçin se­na­gat taý­dan ula­nyl­ýar. Onuň düzüminde 12-20 % sa­ha­ro­za bolup durýar. Şeý­le-de mallar üçin iým­lik şu­gun­dyr hem bol­ýar.

Gurbannazar ORAZGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok