«Günaý» – gelejek ylham berýär

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygy mynasybetli guralan köpugurly sergä hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinden telekeçiler öz önümleri bilen gatnaşdylar we täze öndüren harytlary bilen halkymyzy giňden tanyşdyrdylar.


Sergide ýurdumyzda hereket edýän “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti hem özüniň täze önümlerini halkymyza hödürledi. “Günaý” haryt nyşanly bu önüm ilkinji bolup türkmen alyjylary üçin içerki bazarlara çykaryldy. Bu täze görnüşli önümiň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, onuň ýurdumyzda ýetişdirilen günebakar ýagyndan taýýarlanylmagydyr. Ol 800gr, 2,5kg, 4,5 kilogram möçberlerinde bolup, plastik bedrejiklere gaplanypdyr. “Günaý” maýonezi bäş görnüşde öndürilip, olaryň düzüminde 25%, 30%, 45%, 55%, 67% mukdarda günebakar ýagy bar. Kärhana sagatda iki tonna golaý haryt öndürýär.

Bu kärhananyň telekeçilerine döwlet tarapyndan çig mal bilen üpjün etmek üçin 6 müň gektar ýer berlip, häzirki wagtda onuň 2 müň gektar ýeri özleşdirildi. Telekeçi Hudaýberdi Hangeldiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerleriň 1,375 gektarynda günebakar çigidi ekilipdir. Soňky aýlarda bolsa, bu ýeriň 375 gektarynda soýa ekmegi göz öňünde tutýarlar. Bu ekinlerden alyndan ýag kärhanada öndürilýän önümler üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär.

Mundan başga-da, kärhana “Günaý” kofeleri we günebakar ösümlik ýaglaryny hem öndürýär we olary ýurdumyzyň içerki bazarlaryna yzygiderli hödürleýär. Şeýle hem bu hojalyk jemgyýeti günde 60 tonna mukdarda un hem-de 100 tonna haýwanlar üçin ýörite iýmitleri öndürmäge ukyplydyr.

Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok