Eziz Diýarymyzda raýatlara hödürlenilýän bank hyzmatlary yzygiderli kämilleşýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Öňde goýlan milli we döwlet maksatnamalary ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we milli ykdysadyýetimiziň dünýäniň ykdysady ulgamyna mynasyp derejede goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Müşderilere berilýän karzlaryň görnüşleri, hasaplaşyk-kassa hyzmatlary, milli we halkara töleg kartlary arkaly geçirilýän bank amallary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly döwrebap hyzmatlar ýurdumyzyň banklary tarapyndan halkymyza hödürlenilýär. Munuň özi, raýatlara internetiň, ykjam telefonyň kömegi bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge şert döredýär. Amala aşyrylýan şunuň ýaly işler milli manadymyzyň durnuklylygyny berkitmäge mümkinçilik berýär.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we edara-kärhanalarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ahyrky netijesi pul serişdeleri bilen bagly. Bu gatnaşyklary kadalaşdyrmakda, sazlaşdyrmakda bank edaralary araçy bolup durýar. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki zaman ykdysady ösüşiň täze düzüm bölegi bolan sanly ykdysadyýet boýunça ýurdumyzyň bank ulgamy iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir.
Şabahram YSLAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler