Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady ulgamy düýpgöter özgerýär we barha kämilleşýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň strategik maksady makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, senagat, maýa goýum we durmuş syýasatyny amala aşyrmak, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini gazanmak, ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak bolup durýar.

Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de durmuş ulgamlaryny, hyzmatlaryň ýaýrawyny netijeli ösdürmek, tebigy we senagat serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşary ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi baş wezipäni, ýagny ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşaýşynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de ony bazar özgertmeleri ýoluna geçirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, häzirki hem-de geljekki nesilleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň bähbitlerine durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmäge esaslanýan durnukly ösüş nusgasyna geçmek ykdysadyýetiň derwaýys wezipelerini durmuşa geçirmegiň şerti bolup durýar. Munuň özi, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistan tarapyndan kabul edilen wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasaty ýurdy innowasiýa taýdan ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir.

Maky MAKYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok