Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda döwlet-hususy bölek hyzmatdaşlyk guralynyň hereket etmegi üçin amatly hukuk binýadyny emele getirmek, şeýle hem edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we ilatyň sanly intellektual tehnologiýalaryndan has netijeli peýdalanmaklary üçin şertleri döretmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän sanlylaşdyrylan ulgamlar ornaşdyrylýar, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar we olaryň kämilden-kämil görnüşleri ýola goýulýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli özgerdilmeginde döwrebap tehnologiýalaryň orny artdyrylýar, internet ulgamynyň mümkinçilikleri giňeldilýär. Örän çalt depginde ýaýraýan sanly tehnologiýalar ykdysady we durmuş maksatly işleriň köp görnüşini özgerdýär. Şunda täze we ýokary hilli elektron durmuş hyzmatlary göz öňünde tutulýar.
Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, daşary ýurtlarda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň meselesiniň çözgüdine dürli görnüşde çemeleşilýär. Şunda, ilkinji nobatda, ýurduň ykdysady kuwwatyndan we ony durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipelerinden ugur alynýandygy äşgär görünýär. Sanly tehnologiýalar bütin dünýäde uly orny eýeleýär, olar döwlet dolandyryşyny gowulandyrmaga, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuş üpjünçiligine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hyzmatlaryň hiliniň artdyrylmagy we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagy, täze, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, hünärmenleriň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy, aýratyn-da, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy babatda uly mümkinçilikleri açýar.
Döwran BABAMURADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler