Toý gününde bedew atlar çapylar

Türkmen bedewi ― türkmen milliliginiň hem-de türkmen tebigatynyň dünýä beren peşgeşidir. Umumadamzat mirasynyň gymmatly baýlygy bolan uçar ganatly ahalteke bedewlerimiz halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler. Atçylyk sporty, at çapyşyklar, at üstünde oýnalýan dürli oýunlar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Pederlerimiziň tutan her bir toýy at çapyşyksyz geçmändir. Bu häzir hem şeýle, ýurdumyzda tutulýan her bir  toý-baýramlarymyzy bedew atlarymyz bezeýär.

Türkmen behişdi bedewleriniň waspy taryhy çeşmelerde-de kemsiz ýetirilýär. VIII – IX asyrlarda ýaşap geçen arap taryhçysy Al Fahyz: “Türkmenleriň ýaşan ömrüni jemleseň, atyň üstünde geçen günleriniň ýeriň üstünde oturan gününden köpdügine göz ýetirersiň” diýip belleýär.

Türkmen ýigitlerimiziň syrdaş dosty, gaýduwsyzlykda, owadanlykda, ýyndamlykda dünýäni haýran goýýan behişdi  bedewlerimiziň baýramçylygy ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabara beslenip bellenilýär. Ine, şu günler şöhraty dünýä ýaň salýan türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda ýerleşýän atçylyk toplumlarynda at çapyşyklar, bedew atlaryň gözellik bäsleşikleri, şeýle-de behişdi bedewlerimiziň waspyny has-da dünýä ýaýmak maksady bilen suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, dizaýn işgärleriniň arasynda birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Ganatly bedewlerimize halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy hökmünde sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty, gadyr-gymmaty barha beýgelýär.

.

Azymguly GARRYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok