Pyrtykalyň adam saglygyna peýdasy

Sitrus miwelerine degişli bolan pyrtykal bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Pyrtykal agaçlar Ortaýer deňziniň kenar ýakalarynda, şeýle hem Merkezi Amerikada ösýär. Pyrtykalyň düzüminde B1 witamini, A prowitamini, foliý turşusy, magniý, kaliý, marganes, fosfor, demir, kümüş, sink we beýleki peýdaly maddalar toplanan. Bir pyrtykal miwesinde  45 milligram kalsini jemleýär.

Pyrtykal miwesini iýmek bedeniň artykmaç agramyny ýeňletmäge peýda berýär. Düzüminde köp mukdarda saklanýan inozit  ýaglaryň alyş-çalşygyny sazlaýar. Ganyň düzüminde holesteriniň derejesini peseldýär. Içege ýollaryny arassalaýar we işjeňligini işjeňligini kadalaşdyrýar.

Pyrtykal barada gyzykly maglumatlar:

  • Pyrtykal her ýyl köpçülikleýin hasyl ýygnamakda dünýäde öňdebaryjydyr. Onuň hasylynyň köp mukdary ýygnalýar.
  • Pyrtykal Hytaýda miladydan öňki 2500-nji ýylda ösdürilip ýetişdirilipdir.
  • Käbir pyrtykal agaçlarynyň 150 ýyla çenli ýaşap biljekdigini bilýärdiňizmi?
  • Ýer ýüzünde iň köp ýaýran sitrus miwesi pyrtykaldyr.
  • Pyrtykal bagyr, ýürek we ýürekdamar kesellerinden ejir çekýän adamlara, şeýle hem metabolizma ýagdaýy pes bolan adamlara iýmek maslahat berilýär.
  • Pyrtykal şiresi singa keseliniň öňüni almaga mümkinçilik berýän serişdedir. Bu kesel bedende C witaminiň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýar.
  • Pyrtykallaryň diňe mämişi däl, eýsem ýaşyl hem bolup biljekdigi ýüze çykaryldy.
  • Ispaniýanyň çäginde takmynan 35 million pyrtykal agajy bar.
  • Häzirki wagtda pyrtykalyň 600 töweregi görnüşi bar.
  • Braziliýa her ýyl 18 million tonna çenli pyrtykal öndürmek bilen bu önümi öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar.
  • Pyrtykalyň gabygy hem netijeli ulanylýar. Ondan dürli mürepbe we dürli hoşboý ysly tagam berijiler taýýarlanýar.
  • Pyrtykalyň “moro” sorty örän süýjüdir, onuň içi gyzyl reňkde bolýar.

Altynaý REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok