Ösýän tehnologiýa bilen kompýuterler bilim, saglyk, aragatnaşyk we söwda ýaly durmuşymyzyň her bir ugrunda bize kömek edýär. Kompýuterleriň dürli ugurlarda ulanylmagyna mümkinçilik berýän faktor, her bir iş üçin ýörite programmalaşdyrylyp bilinmegidir. Ilkinji kompýuter programmistiniň kimdigi hakda pikir edip gördüňizmi?
Ada Lovelace atly iňlis zenan alymy ilkinji kompýuter programmisti hasaplanýar. 1815-nji ýylda doglan Lovelace çagalykdan matematika, ylym we logika boýunça bilim aldy we şol döwrüň iň ajaýyp matematikleriniň birine öwrüldi. Şeýle hem, tehnikalar we tehnologiýalar bilen gyzyklanýan Lovelace 1833-nji ýylda matematik Çarlz Babbage bilen tanyşdy. Babbage, Tapawut hereketlendirijisi diýlip atlandyrylýan hasaplaýyş maşynyny we has çylşyrymly amallary ýerine ýetirýän Analitik hereketlendiriji diýilýän maşyny taslapdy. Lovelace – Analitik hereketlendirijisiniň birnäçe matematiki amallary ýerine ýetirip biljekdigine düşündi we Bernulli sanlaryny döretmek üçin bu enjamy ulandy. Bu sanlary hasaplamak üçin ýazan algoritmi taryhdaky ilkinji kompýuter programmasy hasaplanýar. Trigonometrik funksiýalaryň yzygiderli giňelmeginde ýüze çykan we san teoriýasy we matematikany seljermek ugurlarynda ulanylýan Bernulli sanlary ilkinji kompýuter programmasynyň mowzugyna öwrüldi.
Lovelace-niň döwründe kompýuter programmirlemek hünär hasaplanmaýardy. Kompýuter programmirlemesi, Lovelace 1852-nji ýylda ölenden bir asyr töweregi wagt geçdi. Häzirki wagtda kompýuter programmirlemesi karýeranyň iň çalt ösýän ugurlarynyň biri hökmünde görülýär.
Her ýyl oktýabr aýynyň ikinji sişenbe güni aýallaryň ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) goşantlaryny görkezýän Ada Lovelace güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär. Programmirlemek bilen gyzyklanýan bolsaňyz we kompýuter programmisti bolmagy arzuw edýän bolsaňyz, belki bir gün Ada Lovelace ýaly üstünlik gazanyp bilersiňiz.
Merjen AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutyň talyby.
Teswirler