Gadyr gijesi mynasybetli 514 sany raýatyň günäsi geçildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.  Döwlet Baştutanymyz, göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňledi. B.Gündogdyýew Topar tarapyndan jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tussaglykdan boşatmak baradaky Permana gol çekdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok