Akmyrat Çaryýewiň 75 ýyllygyna bagyşlap dabaraly konsert geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, halypa Akmyrat Çaryýewiň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanyp dabaraly konsert geçirildi. Dabaranyň başynda halypa mugallymyň döredijiligi, ussadyň geçen ýoly barada gyzykly wakalardan jemlenen wideo şekiller görkezildi. Akmyrat halypa dürli ýyllaryň dowamynda dutar senedine ussatlarça erk etmek bilen çäklenmän bu senediň şägirtlerine hem geçmegi üçin ençeme şägrtleri ýetişdirdi. Onuň birnäçe ýyllaryda döreden “Mähirli”, “Ylham”, “Çeşmeler”, “Durnalar”, “Dutarym”, “Türkmen gyzlary”, “Gyz ýüreginiň aýdymy”, “Daglara bar”, “Gyzlar”, “Isteýär köňül”, “Läläm”, “Çynarym” ýaly aýdym-sazlary halk içinde halk aýdyma derejesine öwrülip gitdi. 2022-nji ýylyň şegary mynasybetli halypa “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip ajaýyp sazy döretmegi sungat işgärlerine uly sowagt boldy.

Geçen bu dabaraly konsertde halypany gutlap Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew, Türkmenistan gazetiniň baş redaktory şahyr Kakamyrat Rejepow, Türkmenistanyň halk artistleri Läle Begnazarowa, Şemşat Hojaýewa, Kyýas Durdyýew, Pälwan Hamydow, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary we artistleri Merdan Baýramow, Şadurdy Baýjykow, Altymyrat Pürmämmedow, şeýle-de halypanyň dürli ýyllarda ýetişdiren şägirtleri Serdar Baýramow, Kerwen Aýdogdyýew, Meýlis Goçmyradow, Baky Berdinazarow dagylar halypanyň döredijiligi, dürli ýyllarda ýetişdiren şägirtleri, sungat ýolunda biteren işleri dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Dabarada halypanyň aýdymdyr-sazlary aýdylan ajaýyp sözlere sepleşip gitdi. Dabaranyň ahyrynda halypa Akmyrat Çaryýewiň täze eýýämyň başlanmagy mynasybetli döreden  “Arkadagly Serdarym” sazyny özüniň ýerine ýetirmegi bu dabara gatnaşyjylar üçin has-da täsirli boldy.

.

 Röwşen ATAÝEW,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok