Umuman atlar barada gürrüň edilende birinji nobatda türkmen ahalteke atlary göz öňüme gelýär. Sebäbi atlaryň bu tohumy gadymýetden bäri häsiýetli aýratynlyklary bilen tapawutlanyp gelýär. Şunuň ýaly bu atlar adamlaryň kyn we şatlykly günlerinde hyzmat edip, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda, owadanlykda, özüne çekijilikde, mertlikde, batyrgaýlykda, eýesibe wepalylykda, çydamlylykda beýleki atlardan tapawutlanypdyrlar. Gadymda Ahalteke atlaryny Nusaý atlary diýip atlandyrypdyrlar.
Bu at şol döwürlerde örän kuwwatly bolan Parfiýa döwletiniň patyşa kabulhanasynyň ýerleşen ýeri bolan Nusaý şäheriniň ady bilen baglanyşdyrypdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Geredot şeýle ýazypdyr: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän ägirt uly giňişlik bar. Bu sözleriň arkasynda gadymy nusaý atlarynyň gadymy döwürlerde dünýäni haýrana galdyryjy abraýynyň bardygyny aňladýar.
Türkmen atlary XIX asyryň ahyrlarynda “ahalteke” diýen ada mynasyp bolupdyr. Munuň özi gadymy “ahal” ýaýlasy bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu barada halkara barlagçylar tarapyndan geçirilen barlaglarda-da türkmen ahalteke atlarynyň şol gadymy meşhur Nusaý atlarynyň soňky damjalarydygy subut edildi.Berkarar döwletimiziň täze galkynyşlar eýýamy döwründe bolelin durmuşda ýaşaýan türkmen halky gadymýetden bäri özüniň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerine uly sarpa goýup gelýär. Şunuň ýaly türkmen atlary asyrlaryň dowamyndan bäri özüniň haýran galdyryjy aýratynlyklary bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Sebäbi türkmen atlary – beýikligiň nyşanydyr.
Şyhmyrat Söýünow,
TDIM-niň HGI-niň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň talyby.
Teswirler