Türkmende “At agynan ýerde toý bolar” diýilýändir. Elbetde, öz bedew atyny ýakyn hemra edinip, “gardaşym”, “syrdaşym” diýip janyndan eý görýän türkmen halkymyz bedew aty bilen ençeme ýaryşlarda aýlawlary baglap, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, uly toýlary toýlap gelýär. Ady dünýä belli, owadanlykda, ýyndamlykda ýer ýüzüni haýrana goýan şöhratly bedewlerimiziñ baýramy Ýurdumyzda ýylyñ-ýylyna uly toý-dabara beslenip bellenilip geçilýär. Ynha, “Halkyñ Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan taryhy ýylymyzda hem Bedew baýramynyñ şatlyk-şowhuny bütin äleme ýañ salyp dur.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ uly zalynda professor mugallymlardyr talyp ýaşlaryñ gatnaşmagynda “Ganatly bedewleriñ waspy dillerde” ady bilen geçirilen döredijilik konserdi hem Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyñ galkynyşy döwrüniñ ajaýyp wakalarynyñ birine öwrüldi. Dabara ýokary okuw mekdebimiziñ “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyñ mugallymlarynyñ ýerine ýetirmeginde Ýazmyrat Hydyrowyñ sazyna, Agamyrat Soltanowyñ sözlerine döredilen “Täze eýýamyñ Galkynyşy” atly şowhunly aýdym bilen açyldy.
Dabaranyñ dowamynda Bedew baýramçylygy mynasybetli gutlag sözleri, hem-de Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjowyñ ýerine ýetirmeginde “Arkadagym atlananda bedewe”, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyñ uly mugallymy Magtymguly Magtymgulyýewiñ aýdan “Sen ýetir”, Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiñ joşgunly kalbyndan syzylyp çykan türkmen halk aýdymy “Aýlanar sen”, Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyñ, Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyñ aýdan şirinden-şirin labyzly aýdymlary, şeýle hem Myrat Aşyrowyñ “At çapan”, Türkmenistanyñ at gazanan artisti Çary Ahunowyñ “At çapar”, Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri Osman Güjümowyñ “Göroglynyñ at oýnadyşy” atly sazlary çalyp bermekleri dabara gatnaşyjylaryñ gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Dabaranyñ ahyrynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyñ mugallymlarynyñ ýerine ýetirmeginde “Halkyñ Arkadagly zamanasy” atly şowhunly aýdym ajaýyp döwrümiziñ aýdyñ beýany bolup ýañlandy.
.
Jemal SAPAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň I ýyl talyby.
Teswirler