Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşmagyň möhüm ähmiýeti

Ýurduň giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp ösýän döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Şunda, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugry bolup, uzak möhletiň dowamynda depginli durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, önümçilik serişdeleriniň we gurallarynyň üznüksiz ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurduň bäsleşige ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysady nusgany emele getirmek zerurlygy ýüze çykýar.

Milli ykdysadyýetiň düzümini kämilleşdirmek syýasatynyň esasy höweslendirijisi bolup içerki we daşarky bazarlara gatnaşyjylar üçin bäsleşigiň deň şertlerini döretmeklik çykyş edýär. Şunda, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşmagynyň wajyp ugry döwlete dahylsyz böleginiň ähli görnüşleriniň we ýüze çykmalarynyň doly möçberlerde üpjün etmek wezipesi çykyş edýär. Esasan, ýurduň jemi içerki önüminiň düzüm üýtgemelerine döwlete dahylsyz bölek öz saldamly goşandyny goşýar. Çünki, hususy maýa innowasion ösüşe hem, ykdysadyýetiň hakyky böleginde täze öňegidişlikleriň gazanylmagyna hem, ýokary bäsleşikli hyzmatlary ösdürmeklige hem ýardam etmäge gönükdirilen bolýar.

Ýurduň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýada: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýip kesgitlenilen. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde ilatyň düzüminde emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar, olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Bahargül GURBANDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok