Täze eýýamyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamy ornaşdyrmagyň giň mümkinçilikleri

     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

      Häzirki wagtda ösen sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýeti ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykdy.

     Sanly ykdysadyýet, ýagny internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet innowasion sanly maglumat-tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama “Dördünji senagat rewolýusiýasy” hem diýilýär.

     Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde “Dördünji senagat rewolýusiýasynyň” ykdysadyýetimiziň ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagy bilen, ähli pudaklarda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi şertlendirdi.

     Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklyga döwlet derejesinde aýratyn ünsiň berilmegi netijesinde, bu ugruň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararlaryna laýyklykda tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” şeýle-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmgiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” bellenilen möhletlerde durmuşa geçirimegi aýratyn many-mazmuna eýedir. 

      Kabul edilen Maksatnamalaryň we Konsepsiýalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda sanly elektron ulgamy ornaşdyrmak bilen, ondaky okuw-usuly işleriň giň mümkinçiliklerini maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly işlere elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar, umumy we amaly okuwlar we dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler hem-de gündelik durmuşda söýlüp okalýan sanly elektron görnüşinde ýola goýlan gazetlerdir, žurnallar degişlidir.

    Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilmegi bolup durýar.

     Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň  çäklerinde sanly elektron resminama dolanyşygynyň işjeň herekete girizilmegi ýaly möhüm ähmiýetli işler hem yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.

     Sanly bilim ulgamy sanly milli ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolmak bilen, munuň netijesinde wagty netijeli ulanmak, işleriň alnyp barlyşyny çaltlandyrmak, hereket edýänleri we täze sanly tehnologiýalary döwrebap kämilleşdirmek we ösdürmek hem-de hünärmenleriň ukyp başarnyklaryny ýokarlandyrmak döwrüň talabydyr.  

     Bilim ulgamynda döwrebap ösen innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň strategik ugrudyr.                                  

      Sanly bilimiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, halk hojalyk toplumynda sanly ulgamy ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

      Häzirki wagtda, ylym-bilim, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp başarnygyny açyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

     “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda  ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde berýän ýadawsyz goldawlary  üçin  hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny  arzuw edýäris! 

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň
Milli merkeziniň maliýe ykdysadyýet bölüminiň baş hünärmeni
Annaorazowa Akgül

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok