Ömründe bir gerek gül açýan agawa güli

Ösümlikleriň käbir görnüşi ýylyň ähli paslynda hem gülleýär. Käbirleri bolsa diňe bahar paslynda gülleýär. Şeýle hem, ösümlikleriň arasynda on ýyldan, 70-100 ýyldan hem gülleýänlerine duş gelmek bolýar. Ýagny muňa mysal edip, Meksikada ýetişýän agawa atly ösümligi getirmek bolar. Gurak ýerlerde ösýän agawa ömründe diňe bir gezek gül açyp, bu ösümlik ÝUNESKO-nyň bütin dünýä medeni mirasynyň sanawyna hem girizilendir.

Agawalaryň ömri 60-100 ýyl aralygynda bolup, olar şol wagtyň dowamynda ýekeje gezek gülleýändigi sebäpli onuň güllänini görmek kyn bolýar. Bu täsin ösümligiň Amerikada we Meksikada ösýänligine garamazdan, ony yssy howaly başga ýerlerde hem medeni usulda köpeldip bolýar. Häzirki wagtda agawalaryň birnäçe görnüşi belli bolup, gök agawa olaryň iň köp ýaýrany hasaplanýar. Gök agawalara ideg etmek örän aňsat bolup, edil kaktuslar ýaly, olar suwy köp talap etmeýär. Agawalaryň boýy 50-60 santimetre deň bolup, onuň gülüniň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär. Ösümligiň aloe şekilli ýapraklarynyň arasyndan çykýan baldak tutuşlygyna gül hasaplanýar. Mämişi baldagynda sarymtyl reňkli ownuk güljagazlar açýar.

Agawalar gül açandan soňra ilki tohumlaýar, soňra guraýar. Mundan başga-da, agawalar ömründe bir gezek gülleýändigi we uzak ýaşaýandygy üçin  olara «ýüzýyllyk ösümlik» hem diýilýär. Şeýle hem, bu ösümlikleri diňe bezeg maksady bilen däl-de, eýsem, dokma we azyk senagatynda hem giňden ulanylýar. Agawadan alnan şire süýji iýmitleriniň önümçiliginde peýdalanylýar. Agawadan alnan toşabyň düzüminde az mukdarda glýukoza we köp mukdarda fruktoza bolup, olar dürli keselleriň öňüni almakda giňden peýdalanylýar.

Göwher MERETMÄMMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok