Nakgaşlyk sungatynda “Türkmeniň uçar ganaty”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýan bedewlerimiziň gözelligini, tohum aýratynlyklaryny içgin öwrenmeklige we ony dünýä ýaýmaklyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn üns berilýär. Milli aýratynlyklary we bütindünýä şekillendiriş sungatynyň däplerini nusga edinen türkmen ussatlaryň we ýaş suratkeşleriň eserlerinde çeperçilik sungatynyň ähli ugurlarynda täze öwüşginler, täze temalar peýda bolýar.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda animalistik žanry hat-da atyň keşbini çekmek däbi neolit döwründen bäri tanalýar. Haýwanlaryň şekilini adamlar dürli materiallardan daşdan, süňkden, metaldan ýonupdyrlar, gaýalaryň ýüzünde çekipdirler. Adam bedewiň keşbinde özüne häkimiýet we kuwwat berýän güýji görüpdir. Muňa Türkmenistanyň çäginde tapylan ençeme taryhy tapyndylar şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň keşbi gadymy tapyndylaryň mysalynda müňýyllyklaryň dowamynda ozalky daşky görnüşini we häsiýetini saklap, şekillendiriş sungatynyň ilkinji ýüzlenilýän temalaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda hem ahalteke bedewiniň keşbinde animalistik žanry türkmen suratkeşliginiň iň bir wajyp sahypalarynyň birini düzýär. Türkmen suratkeşleri žanrly nakgaşlykda atlaryň owadanlygyny, olaryň aklyny, plastiki hereketlerini, esasan hem adamlaryň bu behişti jandarlara durmuşdaky iň wepaly ýoldaşy hökmünde garaýşyny has doly açyp görkezýärler, ol hem köp sanly ajaýyp sungat eserleriniň döremegine getirdi.

Häzirki zamanda bedew keşpli iň aýdyň çeper eserleri türkmen şekillendiriş sungatynyň öňdebaryjy türkmen suratkeşleri ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň döredijiliginde esasy ýörelge edip goýan bu tema aýratyn orun tutýar. Sebäbi bedew şekilli eserleri nakgaş üçin ilki bilen tebigy gözelligiň we formalaryň daşky dünýäsine göz ýetirmekde däl-de ozaly bilen türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň hem-de beýik taryhyň sahypalaryny açmaga mümkinçilik berýär. Döwlet tugrasynyň nyşany bolan „Ýanardag“ (2002) atly eseri suratkeşiň ýokary çeperçilik ussatlygynyň aýdyň mysaly. “Eserde görkezilen Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezi bölegini tutýan türkmen bedewiniň şekiliniň bezemegi tötänden däldir” diýip, suratkeş belläp geçýär. Çünki ahal-teke atlary biziň ata-babalarymyzyň ýüzüniň tuwagydyr. I. Işangulyýewiň bu syratlylygyň we owadanlygyň ajaýyp keşbinden soň, “Asman aty„ (2004), “Galkyndyrma” (2005), Awçy“, „Erkana“ (2005), “Togrul beg Türkmen„ (2010) ýaly ençeme gözel bedewleriň ýekelikde hem-de beýik türkmen şahsyýetleri bilen bilelikde suratlandyrylan erkin gözlegleri bilen tapawutlanýan realistiki we hyýaly şekilleri döredildi.

Garaşsyzlyk döwrüniň halypa suratkeşleri bedewleriň gaýtalanmajak tebigy gözelligini temalaýyn eserlerde ussatlyk bilen çekýärler. Bu jandarlar tanymal suratkeşleriň işlerinde esasy orny eýeläp eseriň mazmunyny dolulygyna açyp görkezmäge esas döredýärler. Türkmenistanyň tanymal suratkeşleri Öwezmuhammet Mämmetnurowyň “Arwana ýaryşy”, “Türkmen atlary”, Ýarly Baýramowyň “Görogly”, “Oguznama”, Kakageldi Gurbangeldiýewiň “Çapyşykdan öň ýany”, “Görogly söweş meýdanynda”, Allamyrat Muhammedowyň “Alp Arslan”, “Togrulbeg Türkmen”, Kamil Weliahmedowyň “Asman atlary”, Kössek Nurmyradowyň “Ýabany atlar”, “Behişdi bedewler”, Ahatmyrat Nuwwaýewiň “Alp-Arslanyň söweşi”, Baýram Nuryýewiň “Pyýada”, “Ýanardag”, “Türkmendir”, “Oguz toýy”, Hojamuhammet Çüriýewiň “Soltan Sanjar türkmen”, “Çapar”, “Watan gerçekleri”, Berdimyrat Toýçiýewiň “Jygalybegiň patasy”, Parahat Gapançaýewiň „Pyýada“, „Görkli“, „Dorhan“ “Ak han”, “Parasat”  ýaly eserlerde nakgaşlar şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlara hem-de dürli çeperçilik tilsimlerine ýüzlenýärler. Bu ýerde bedewler köplenç adamzadyň häkimetini, güýjini, kuwwatyny dabaralandyryp taslamanyň merkezinde, eseriň baş gahrymany bolup çykyş edýärler. Eseriň her bir bölegi inçelik bilen işlenilip, atlaryň her-bir myşsasy hamala diri duýgular bilen doldurylan ýaly kabul edilýär. Atlaryň täsin reňk öwüşginleriniň taýsyzlygy aýdyň ýüze çykýar. Türkmen bedewiniň bu täsin reňklerini sypatlandyrmak üçin suratkeşler ylham gönezliginden maýa alýan tebigy geň galdyryjy reňkleri ussatlarça ulanýarlar.

Türkmen suratkeşleriniň ýaşululary bilen bir hatarda ýaş suratkeşleriň nesli hem bu žanrda özüni has işjeň görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary A. Hallyýewiň “Alp-Arslan” (2011), “Ýaş şazadanyň awy” (2012), Ý. Kerimowyň “Bedew” (2012), “Çapýan bedewler” (2015), “Awazada” (2015), B. Soltanowyň “Beghan” (2016), Y. Allanazarowyň “Konkurda ýaryşyň öň ýany” (2017), R. Abdullaýewiň “Soňky düşelge” (2017), G. Hudaýberdiýewanyň “Badalga” (2018), M. Kulyýewiň “Bedewiň waspy” (2019), Ş. Orazlyýewiň “Türkmen toýy” (2021) atly nakgaş eserlerinde atlaryň gahrymançylyklaryna, wepadarlyklaryna, şeýle hem atlaryň çydamlylygyna we tiz hereketlerine aýratyn üns berýärler.

Milli gymmatlyklary gorap saklamakda we olary dünýä ýaýmakda çuňňur hormatlanýan Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýyl Türkmen Bedewiniň baýramyna bagyşlanan ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçirilýär. Türkmen suratkeşleri, heýkeltaraşlary, amaly-haşam sungatynyň ussatlary uly ruhubelentlik we hyjuw bilen türkmen bedewiniň behişdi gözelliginiň mysalynda hakykatdan-da tebigatyň sazlaşygyny we jandaryň gözelligini wasp edýän ajaýyp sungat eserini döredýärler. Asylly däbe öwrülip, her ýylda bu bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda uly dabara bilen geçirilýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda aprel aýynyň 15-ine “Türkmeniň uçar ganaty” atly açylan döredijilik bäsleşik sergide ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen nakgaş eserleriň 200-nden gowragy görkezildi. Bedew keşpli taryhy, epiki eserler, bedewleriň dürli portretleri ýaş suratkeşleriň köp temaly eserlerine degişlidir. Hemişe asyllylyk we wepalylyk häsiýetlerine eýe bolup, öz eýesiniň goragçysy, wepadar dosty hökmünde A. Kurbanberdiýewiň “Miras”, Ö. Berkeliýewiň “Ak Watan”, D. Pirmämmedowanyň “Awçy”, L. Çaryýewanyň “Türkmen toýy”, P. Anahowskiniň “Ýütgeşik gün” eserlerinde, ýa-da ýyndamlygyň we gözelligiň nusgasy hökmünde B. Baýramowyň “Türkmen bedew gözeli”, M. Atajanowyň “Tebigatda bedew waspy”, G. Myradowanyň “Gözel ýurdum”, B. Jumamyradowanyň “Bedew gözelligi” ýaly işlerinde atlary suratlandyrmakda suratkeşler özbaşdak döredijilik ýoly bilen çemeleşýärler. Olar esasan tematiki köp figuraly taslamalara hem-de bedewleriň ýekelikde tebigat bilen sazlaşykda görkezilen keşplere ýüzlenýärler. Türkmen halkynyň durmuşynda uly orun tutýan bedewleriň kaddy-kamatyny, çydamlylygyny, gün bilen çoýulan lowurdap duran reňk öwüşginli gözel keşplerini ýaş nakgaşlarymyz bu sungatynyň ulgamynda täze pikirleniş derejesiniň özboluşlylygyny öňe sürýärler.    

“Türkmeniň uçar ganaty” atly bäsleşik sergisi türkmen şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda uly işjeňlige eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Edil şunuň ýaly, nakgaşlykda milli nyşanymyz bolan ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän eserler bagtyýar zamanamyzyň üstünlikli ösüş ýolunyň uçar ganatydyr.  

.

Aýjan KADYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok