Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Bu ugurdaky çäreler, alnyp barylýan beýik işler maksatnamalaýyn esasda, ykdysady syýasata doly laýyklykda amala aşyrylýar.
Garyşyk görnüşli durmuşa gönükdirilen ykdysadyýeti döretmek boýunça Türkmenistanyň nusgasynyň ahyrky maksady döwlet ulgamynyň ösüşi, netijeli telekeçilik we häzirki zaman bazar infrastrukturasyny, ilatyň ähli gatlaklaryny ygtybarly durmuş kepillikleri bilen üpjün edýän, hemme hojalygy ýörediji subýektleri ahyrky netijeleri gazanmaga gönükdirilýän täsir ediji döwlet kadalaşdyryşy arkaly ýokary netijeli ykdysadyýeti kem-kemden we tapgyrlaýyn emele getirmek bolup durýar.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde kärhananyň maliýe durnuklylygy bilen onuň ykdysady howpsuzlygynyň özara baglanyşygyny öwrenmek örän wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda kärhananyň ykdysady howpsuzlygyny we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek wezipeleri ileri tutulýar. Munuň özi häzirki döwrüň esasy ykdysady hadysalarynyň biri bolan ykdysady giňişligiň globallaşmasy bilen baglylykda maliýe bazarynda howplaryň köpelmegi, energiýa göterijileriň bahalarynyň tiz-tizden üýtgemegi we beýleki ýagdaýlaryň netijesidir. Şeýle şertlerde hojalygy ýöredýän subýektiň durnukly ösmegini, onuň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň täze çemeleşmesiniň işlenip taýýarlanylmagy zerur hasaplanylýar.
Saparbibi MAHTUMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler