Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide “Maýam” himiýa arassaýyş merkezi hem öz diwarlygy bilen çykyş etdi.
Kärhananyň direktorunyň orunbasary Walentina Pogibima bu gezekki sergide müşderilerine begendiriji täzelik bilen gelendiklerini aýdýar.
Uly şäherlerde haly we perde ýuwup, guratmak hojalykdaky esasy meseleleriň biri bolup durýar. Wagt, energiýa bilen bir hatarda, ýuwmak we guratmak üçin giň ýer gerek. Şeýle-de, bular her gün ýuwulmaýar. Şol sebäpli ýörite ýuwujy wakum enjamlary, tozan sorujy satyn almagyň zerurlygy döremeýär.
Edil şol sebäpli öňki egin-eşik himiki arassalaýjy nokatlary bilen bir hatarda, “Maýam” kärhanasy ýörite haly, ýorgan-düşek daşlary, perde ýaly uly dokma önümlerini arassalaýan nokadynyň hyzmatynyň giň gerimini ýola goýdy. Müşderileriň rahatlygy üçini äkidip-getirmek, perdeleri aýyryp-dakmak hyzmaty hem üpjün edilýär.
“Maýam” 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Aşgabat şäherinde 3 nokady hereket edýär. Hyzmat nokatlary doly döbrebaplaşdyrylan. Kärhana ISO-9001 halkara standar sertifikatynyň eýesi.
Teswirler