Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine 12 ýyl doldy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti «Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini geçirdi. Mejlisde döredilenine 12 ýyl dolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde duran möhüm wezipeleri anyklaşdyrmak, onuň ýurdumyzdaky we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, assosiasiýanyň düzümine isleg bildirýän täze agzalary kabul etmek hem-de öňde goýlan wezipeleriň guramaçylygy bilen bagly birnäçe meselelerine seredildi.

Türkmenistanda we dünýäde uly üns berilýän ahalteke atçylygyny ösdürmek, bedewleriň gadymy nesillerini dikeltmek we olaryň baş sanyny artdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda mejlisde çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä döwletlerindäki agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşlary hem täsirli boldy. Mejisiň dowamyna Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň belli atşynaslaryna we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň birnäçe daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak barada Permanlara hem gol çekdi.

Seýli Aryşow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok