Atlar 100-e golaý dürli ses çykarmaga ukyplydyrlar. Olar şatlygyny, gorkusyny, gaharyny bildirmekde, duşmanlaryny gorkuzmakda, taýçanagyny çagyrmakda dürli-dürli ses edýärler.
* * *
Çapyksuwarlaryň, seýisleriň, umuman, at bilen iş salyşýan adamlaryň süýji keseli bilen kesellemek mümkinçiligi beýleki adamlara görä 50 göterim azdyr.
* * *
Atyň öňünde kofeli we kakaoly bedreleri goýanlarynda, ol bäş gezekden dört gezek kofeli bedräni «saýlapdyr».
* * *
Peruda ýaşaýan «misran» atly taýpada «at» sözi alty sözden ybarat bolup, ol terjime edilende «deňiz tarapdan gelen akýagyz adamyň sakar jandary» diýmegi aňladýar.
* * *
Arap atly ahalteke bedewi 1 müň 600 metr aralygy 1 minut 50 sekuntda geçip, dünýäniň rekordyny goýupdyr. 1947-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaryşda bolsa ol 2 metr 12 santimetr belentlikden böküp, ýeňiş gazanypdyr.
* * *
Alymlar agramy bary-ýogy 5 kilograma, boýy 35 santimetre barabar bolan, eogippis, ýagny «säher aty» diýlip atlandyrylan ilkinji atlaryň 60 million ýyl mundan ozal ýaşap geçendigi baradaky çaklamany öňe sürýärler.
Taýýarlan:
Gulruh Atabaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler