Ykdysadyýetde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar. Döwrüň täze talaplary we mümkinçilikleri ýüze çykarýandygyny aýtmalydyrys. Şeýlelik bilen, döwlet dolandyryş ulgamyny, tutuş jemgyýeti ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi möhüm wezipe hökmünde öňe çykýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hil taýdan özgerdilmegi üçin ykdysady ösüşi ylmy taýdan üpjün etmek, ýagny onuň strategiki ugurlaryny ylmy taýdan esaslandyrmak we bazar ykdysadyýetiň ösüşiniň üýtgemelerini öňünden kesgitläp dolandyrmakda ylyma esaslanan taktiki we strategik usullary saýlap almagy üpjün etmek gerekdir. Bu jogapkärli işiň esasynda geljekki hünärmenlere düýpli ykdysady bilim bermegiň durýandygy mälimdir. Häzirki zaman ylmynyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň pajarlap ösmegi innowasion tehnologiýalaryň (IT) giňden ulanylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ilkinji nobarda, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylymyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy şertleriniň biri bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda elektron bilim bermekligiň usullaryny işläp düzmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu konsepsiýa halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem bu ugurda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmaga, dünýä tejribesinden ugur almaga gönükdirilendir.

Ogulmerjen SAPARGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok