Obasenagat toplumynda suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak

Türkmenistanyň suwarymly ýerleriniň meloratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak üçin häzirki döwürde hemme şertleriň bardygyny bellemek gerekş. Suwarymly ýerleriň medeni zolaklardaky ýerleriniň hemmesi diýen ýaly zeýkeş ulgamlary bilen üpjün edilen.Ýurdumyzdaky derýalaryň akymyny sazlamak we goşmaça ätiýaçlyk suw gorlaryny döretmek maksady bilen,Amyderýadan suw alýan Garagum derýasynyň ugrundaky “Garaşsyzlygyň 15-ýyly”adyndaky suwhowdanynyň göwrümi 2,2 milliard kubmetre ýetirmek işleri tamamlanyp barýar,şeýle hem II-nobatdaky gurultaýynda hem onuň gurluşygynyň göwrümi ýenede 1 milliard 650 million kubmetr möçberinde ulaldyp,howdanyň umumy göwrümi meýilleşdirolen derejesinde,3 milliard 850 million kubmetre ýetirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy  suwa goýan uly hormatynyň belent sarpasynyň nyşany hökmünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy-altyn dänesi”baýramy bellenilip geçilýär.

Suwuň adamyň durmuşy üçin zerurlygyny tekrarlaýan birnäçe mysallara ýüzleneliň.alymlaryň hasaplamalaryna görä bir tonna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin,onuň tutuş ösüş döwründe 1500 tonna,1 tonna gowaça,1 tonna suw gerek.Halk hojalyk önümçiligi boýunça mysal getirsek,1 tonna polat öndürmek üçin 150-200 kubmetr,1 tonna misi almak üçin 500 kubmetr ,1 tonna plastmassany almak üçin 500-1000 kubmetr,1 tonna nikeli almak üçin 4000 kubmetr,sintetiki süýümi almak üçin 2500-5000 kubmetr,1 tonna kagyz öndürmek üçin 400-800 kubmetr suw gerek. Özünde şunça peýdaly häsiýetleri saklaýan suwy we ol hakdaky maglumatlary adamlar geçmişde hem häzir hem içgin öwrenmäge we ony aýawly saklamaga çalyşýarlar.  Häzirki döwürde suwy öwrenýän alymlar tarapyndan onuň arassalanylyşy, mineral düzüminiň öwrenilişi bilen bagly derňewleri geçirmek we bütin dünýä suw serişdeleriniň kartasyny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar.

.

Feruza MURATBAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok