“Mähirli zenan” – ömre dowam

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergide “Mähirli zenan” modalar öýi hem öz önümlerini sergiledi.

“Mähirli zenan” – modalar öýi 2019-njy ýylda esaslandyrylandan bäri özleriniň milli lybaslary, gyz-gelinleriň egin-eşikleriniň iň naýbaşylaryny öndürýär. Bu hususy modalar öýi 2019-njy ýylda Aýna Durdylyýewa Çarymyradowna tarapyndan esaslandyryldy. Bu ýerde zähmet çekýän zenanlaryň öz elleri bilen ýerine ýetiren önümleri müşderileriň buýurmalary boýunça ýerine ýetirilýär.

“Mähirli zenan – ömre dowam” modalar öýi ýurdumyzda geçirilýän görkezme bäsleşiklerinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok