Kömelekler örän täsin gurluşly ösümlikdir. Olaryň köki, baldagy, ýapragy, güli, miwesi we tohumy bolmaýar. Şonuň üçin kömelekler janly organizmiň bu görnüşi haýwanlardan we ösümliklerden tapawutly bolýar.
Kömelegiň düzüminde köp mukdarda beloklar, ýaglar, mineral maddalar, mikroelementler (demir, kalsiý, sink, kaliý, fosfor, kükürt, PP, D, B toparyna degişli witaminler) jemlenendir. Ol ganazlykda we sowuklamada peýdalydyr. Kömelekler iýilýän we zäherli kömeleklere bölünýär. Olar meýdanda garyşyk ösýär. Şonuň üçin kömelek ýygnamaga bu ösümligi tanaýan adamlar bilen bilelikde gidilmelidir. Kömelekleri ir bilen, howanyň sergin wagty ýygnamak amatlydyr. Şol wagt ýygnalan kömelekler ter, özboluşly hoşboý ysly bolýar.
Tebigatda kömelekleriň 50 müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Kömelekleriň tohumy bolmanlygy sebäpli, olar tebigatda suw arkaly tohumyny ýaýradýarlar. Ýagny, kömelegiň sporalary ýetişenden soňra onuň düzüminden suw bölünip çykýar. Çykan suw kömelegi sowadýar. Salkyn howa ýyly howadan dykyz bolansoň, sporalary 10 sm çemesi uzaga äkidýär.
Kömelekleri sebediň ýa-da matadan tikilen haltajygyň içinde telpejiklerini aşak ýa-da gapdallaýyn ýatyryp goýmalydyr. Kömelek ýygnalanda onuň terligine, sagdynlygyna, bitinligine üns bermelidir. Şikeslenen, reňki solan, mynjyran, telpejigi epilen we garalan, içi goňur tegmillerden doly, ýakymsyz ysy bolan kömelekler özüniň iýmit gymmatlygyny ýitirýär. Iýmäge ýaramsyz bolýar.
Dünýä ÝAZMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler