Atmosferany goramak

Ýurdumyzda  ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda bu meselä uly orun berilýär, çünki daşky gurşawy goramak, biologik köpdürlüligi aýawly saklamak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, täze “Ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa  abadançylygyny üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler ähli babatda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ugry bilen berk baglanyşyklydyr.

Hojalyk işleriniň çendenaşa ýetirýän täsiri şertlerinde biosferanyň we onuň düzüm bölekleri bolan dürli derejedäki ekoulgamlar özleriniň wezipelerini kadaly ýerine ýetirmegi üpjin etmekde çäkli mümkinçiliklere eýe bolýar. Ýer togalagynyň köp sanly düzüm bölekleriniň aýlanşygyna hem oňaýsyz täsir edýär. Atmosferanyň hapalanmagynyň tebigy we emeli çeşmelerini görkezmek bolar. Tebigy hapalanma atmosferanyň düzüminde belli mukdardaky dürli tozanlaryň hemişe bolýanlygy bilen düşündirilýär. Olaryň biri mineral tozan bolup, ol dag jynslarynyň dargamagyndan, wulkanlaryň  atylmaklaryndan, sil almagyndan, tokaý, sähra we torf ýygyndylaryndan, deňiz we umman suwlarynyň bugarmagyndan emele gelýär.  Ýene-de howada ýylylyk hapalanmasy bolup geçýär, sebäbi howa güýçli gyzgyn maddalar taşlanýar.Tokaýlaryň ot almagy netijesinde her ýyl ortaça 20-25 mln agaç ýanýar.Ýer togalagynyň çäginde howanyň tebigy hapalanmasy meteorologiki faktorlaryň we şertleriň hasabyna bolup geçýär. Munuň özi, aýratyn-da çöl, ýarym çöller we sähra zolaklary üçin häsiýetlidir.

Atmosferany senagat we energetika kärhanalary, ulag, ýaşaýyş jaýlary, ýyladýan ulgamlar, oba hojalygy, durmuş galyndylary degişlidir. Hapalaýjy maddalar minerallaryň jeminiň ýagdaýy boýunça 90%-i gaz görnüşli zyňyndylardyr. Başga-da nebit we gaz ýananda atmosfera uly möçberde kömürturşy gazy, dürli kükürtli birleşmeleri, azodyň oksidi we beýlekiler düşýär. Bu zyňyndylar infragyzyl şöhleler ýuwudup, klimaty amatsyz tarapa üýtgedýär. Atmosfera taşlanýan zyňyndylar diňe bir howanyň ýylamagyna, parnik täsiriniň ösmegine we ozon gatlagynyň ýukalmagyna däl-de, eýsem örän uly howup salýan gurumly tüsseleriň we kislotaly ygallaryň döremegine getirýär. Awtoulaglaryň  işlenen gazlaryndan çykýan tüsse, tozan, deňiz we derýa ulaglarynyň hem howany kömür, mazut we beýleki agyr ýangyçlaryň galyndylary hem hapalanýar. Oba hojalygynda peýdalanylýan ýerlerde bolup geçýän ýel eroziýasy, pagtaçylykda ulanylýan dürli himikatlar, gowaçanyň ýapragyny düşürmekde sepilýän defoliantlar howanyň arassaçylygyna ýaramaz täsir edýärler. Mundan başga-da parnik gazlarynyň uglerodyň dioksidiniň, suwyň buglarynyň, ozonyň atmosferasynda klimatyň amatsyz tarapa üýtgedýär. Ýurdumyzda ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, suwlaryň tygşytly peýdalanylmagy we artykmaç bugarmazlygy, joşmazlygy, howanyň zaýalanmazlygy üçin birnäçe çäreler geçirilýär. Onuň üçin siliň öňüni almak, ýeriň şorlaşmagynyň derejesini kadalaşdyrmak, melioratiw, agrotehniki çäreleri geçirmek, ýerlere zyýanly galyndylary taşlanylmagyna gözegçilik etmek ýaly birnäçe çäreler alnyp barylýar.

.

Joşgun ABAÝEW,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok