- Ýer şarynyň deňiz derejesinden iň belentde ýerleşýän materik Antarktida bolup, onuň deňiz derejesinden ortaça beýikligi 2024 metre deňdir.
- Ýer şarynyň günorta polýusynda uly bölegi buz bilen örtülen gury ýer bölegine Antarktida materigi diýip atlandyrylýar.
- «Antarktika» grek sözünden emele gelip, «anti» – garşy we «arktikos» – demirgazyk, ýagny, demirgazygyň garşysyndaky ýer diýmegi aňladýar.
- Töweregindäki adalary we ony gurşaýan umman giňişligini öz içine alýan Antarktidanyň tutýan meýdany 14 million inedördül kilometre deňdir.
- Antarktidadaky buzlaryň ortaça galyňlygy 2 müň metre golaý bolup, materigiň käbir ýerlerinde olaryň galyňlygy 4 müň metrden hem geçýändir.
- Hiç bir döwlete degişli bolmadyk Antarktidada oturymly ilat ýokdur. Şonuň üçin hem bu ýerde barlag geçirýän hünärmenler hemişe ýaşaýarlar.
- Antarktidanyň kenarynda ýerleşýän Ueddella ýer şaryndaky iň arassa suwly deňiz hasaplanylýar.
- Ýer ýüzüniň iň sowuk bekedi bolan «Wostok» bekedinde howanyň 91,2 derejede sowuk bolýandygy hasaba alyndy.
- Antarktidanyň gury ýerde o diýen baý ekoulgamy ýok hem bolsa, onuň kenarlaryndaky ummanlarda dürli deňiz jandarlary we ösümlikler gabat gelýär.
- Eger-de, materikdäki buzlary bütin ýeriň ýüzüne birmeňzeş galyňlykda ýazyp bolsa, onda bu biziň planetamyz 40 metr galyňlykda buz bilen örtülerdi.
- Antarktidada ýer şarynyň süýji suwuň 70 göterimi, buzlaryň bolsa 90 göterimi saklanýar.
- 1944-nji ýylda Antarktidada açylan «Wostok» köli dünýäniň iň uly buzasty kölüdir.
- Antarktidada iň sowuk awgust aýy bolup, bu aýda howa ortaça 70 derejede sowuk bolýar.
Haltäç HANGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler