Halkyň arkadagly zamanasy ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli ahalteke atlaryň gözelliginiň we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda nakgaşlaryň, grafikaçylaryň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, kulalçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik basleşidiniň açylyş dabarasy boldy. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde sungat ulgamynda zähmet çekýän ussatlaryň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan halypa mugallymlar, talyplar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary behişti bedewlerimize bagyşlap şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunca döreden öz ajaýyp sungat eserlerini sergide, gelenlere uly täsir galdyrdy.
Türkmeniň baý hem köp öwüşginli milli mirasy, kämil sungaty bar bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda apalap saklan, gözüniň göreji kimin gorap gelen şol baýlyklary ýagty jahanyň gudratlarynyň bir bölegi hasaplanylýar. Bu barlygyň-ýagty jahanyň gudratlarynyň, täsinlikleriniň egsilmez gory, gözli çeşmesi ýaly tükeniksiz dowamy bar. Bäş müňýyllyk taryhly türkmeniň geçen ýolllaryny yzarlanyňda, asyrlaryň dowamynda onuň öz aňy, ýiti zehini, ukyp-başarnygy bilen kämil sungat eserlerini aňyrybaş derejede döreden halkdygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa gadymy Marguş ýurdy, Nusaý, Altyn depe, Monjukly depe ýaly gadymy taryhy ýadygärlikleriniň çäklerinden tapylan at heýkeljikleri hem-de atlaryň galyndylary hem şaýatlyk edýär.
Gadym döwürlerden bäri şan-şöhraty dünýä ýaýran, ýelden ýuwruk, gamyşgulak ahalteke bedewlerini türkmen özüniň uçar ganaty hasaplaýar. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedew atlaryň waspy bu gün şekillendiriş sungatyna degişli eserleriň dürli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar. Bu eserlerde türkmen ýigidiniň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy hasaplanýan ahalteke bedewlerine mahsus gözellik hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýär.
Her ýylyň aprel aýynda türkmen ahalteke atlarynyň gözelligini sungat eserlerinde fotosuratlarda wasp etmek maksady bilen ýörite bäsleşik yglan edilýär. Ine häzirki döwürde hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şol bäsleşige has dabaraly geçirmek maksady bilen suratkeşleriň eserlerinde beýan edilen atlaryň şekilleri, sergiler jaýynda ýörite sergileriň üsti bilen halka ýetirmek maksady bilen hödürlendi. Bu işleriň arasynda nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk işleri, şonuň bilen birlikde amaly haşam sungatynyň eserleri hem-de teleoperatorlaryň, fotosuratçylaryň eserleri şu sergä ýerleşdirildi. Bu sergide hödürlenen işleriň ählisi hem ussat suratkeşler tarapyndan fotosuratçylar, teleoperatorlar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip bu sergä hödürlendi. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň nakgaşçylyk eserlerine seredeniňde olary hasda her bir tomaşyçynyň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi, çünki nakgaşçylyk işlerinde talyplar, reňk sazlaşygynyň üsti bilen ussatlyk bilen ýerine ýetirip ahalteke bedewleriniň gözelligini ýyndamlygyny onuň duýgurlygyny ynsan bilen arabaglanşygyny ussatlyk bilen wasp edip reňkleriň üsti bilen açyp görkezmäne başarypdyrlar. Heýkeltaraşlyk sungatynda bolsa, türkmen ahalteke bedewleriniň tebigat bilen adam bilen arabaglanşygyny, adama bolan wepalylygyny ussatlyk bilen beýan edipdirler hem-de atyň gözelligini heýkeltaraşlyk serişdeleriniň üsti bilen owadanlygyny, ýyndamlygyny, onuň dabaraly hereketlerini ýerine ýetirip şu sergä hödürläpdirler. Şeýle hem sergi jaýyny bezeýän birnäçe amaly-haşam sungaty eserleri haly sungatynda, zergärçilik sungatynda, küýzegärlik sungatynda hem atyň keşbini sergide ýerleşdiripdirler. Suratkeşleriň haly önümlerinde owadan keşbe gözelligi duýgurlygy umuman ähli häsiýetleri ýyly reňkleriň üsti bilen açyp, inçe çitimleň üsti bilen dokalypdyr. Häzirki döwürde türkmen ahalteke bedewlerine aýratyn üns berilmegi, çünki ahalteke bedewleri türkmen halkynyň durmuşynda öz wepalylygy bilen uly orun tutan bedewler barada, türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda hem geçmişde ýazyjylarymyzyň, şahyrlarymyzyň eserlerinde hem türkmen ahalteke bedewleriniň, türkmen halkynyň çylşyrymly günlerinde-de şolara wepaly ýoldaş, syrdaş bolandygyny görmek bolýar.

Diýmek sungat ussatlar bedewiň owadanlygyny gözelligini onuň üstüni şa tagtyna meňzetmek bilen bedewiň türkmeniň durmuşynda ullakan orun alandygyny uly hormata mynasyp bolandygyna aýdýarlar. Şeýle hem türkmen ahalteke bedewlerinde häzirki berilýän ünsüň uludygyny belläp geçmek bolýar,. ýagny, ýurdumyzda ähli welaýatlarynda bedew bilen baglanşykly halkara derejesinde atçylyk sportyny geçirmek halkara maslahatlaryny geçirmek däp bolup galdy. Şonuň bilen birlikde hem geljekde ahalteke bedewleriniň nesillerini köpeltmek maksady bilen ýörite seýisçilik sungatynam ösdürmeklige ullakan üns berilýär. Umaman, her bir döredilen sungat eserinde türkmen ahalteke bedewiniň türkmen topragy bilen onuň gözelligi bilen ynsan durmuşy bilen arabaglanşygyny görmek bolýar. Şeýle sungat eserlerini görüp gelen her bir tomaşyçyda ahalteke bedewleriniň owadan keşbi, uly täsir galdyrýar, olarda, uly söýgi döredýär. Şu ýylda geçirilýän bäsleşige biziňem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary gatnaşdylar, mekdebde okaýan talyplaryň her biri ahalteke bedewini düýpli öwrenip şol ahalteke bedewi bilen baglanyşykly eserler döretdiler. Ol eserleri şular ýaly ajaýyp sergileriň üsti bilen, halka ýetirip durýarlar, bu bolsa biziň talyp ýaşlarymyzyň hem-de halypa mugallymlarymyzyň türkmen ahalteke bedewine goýýan uly hormaty diýip düşünýäris.
Şu bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okaýan: Jumamyrat Gurbanow, Laçyn Kakamyradowa, O. Güjümowa, B.Kakabaýew, G. Babaýewa, J. Taganowa, A.Ataýew ýaly ençeme talyplaryň işleri häzirki günlerde türkmen bedewleri wasp etmekde öwgä mynasyp bolup, sungatda uly orun eýelärler diýip umyd edýäris. Umuman häzirki döwürde häzirki wagta bu sergide 600-e golaý eser sergilendi. Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary öz eserlerinde türkmen bedewiniň ajaýyp pursatlaryny ýagny, onuň gözelligini wasp edýän pursatlar, onuň tebigatdaky görnüşleri şol sanda hem türkmen durmuşyndaky tutýan orny şeýle hem talyplar türkmen taryhyndan, türkmen dessanlaryndan rowaýatlaryndan dürli türkmen bedewi bilen baglanyşykly sahnalary suratlandyryp öz ajaýyp eserlerini bu sergide ýaýbaňlandyrdylar.
Şular ýaly sergi döretmek umuman döredijilik adamlaryna hususanda ýaş talyplarymyza şu bäsleşige gatnaşyp tejribelerini artdyrmaga hem türkmen bedewini wasp etmäge geljekki eserleri döretmäge uly ýardam berer. Bular ýaly eserler türkmen durmuşynda nakgaşlaryň, grafikaçylaryň, heýkeltaraşlaryň arasynda gyzyklanma döredip öz ajaýyp eserlerini dünýä ýaýmakda-da itergi berer.
Türkmeniň bedewiniň hak hossary Türkmenistanyň Prezidenti ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan kitaplarynda türkmeniň erkin ýaşaýşyny, belent buýsanjyny, gündelik ösüşlerini, şol ösüşlerde ruhy çeşme bolup duran milli gymmatlyklarymyzy ussatlyk bilen şöhlelendirýär. Hormatly Prezidentimiziň saz sungatyna, milli medeniýete sarpa goýmaklygynyň belent nusgasy bolup duran ajaýyp kitaplary diňe bir milli buýsanjymyz bolan bedew atyň waspnamasy, atşynaslyk ylmynyň nazarýet esaslary bolmak bilen çäklenmän, eýsem millilige tagzym etmekligiň, milli buýsanjy terbiýelemekligiň ruhy sütüni bolup hem hyzmat edýär. Ahalteke bedewi bu döwürde ruhubelentligiň, erkanalygyň nyşany bolup türkmen halkynyň beslenen bagtyýar durmuşyna bedew badyny berýär. Bu günki gün biz öz bagtyýar durmuşymyzy buýsanç bilen çarpaýa galýan, aýlawlarda toýnagyndan ot syçradyp süýnüp barýan, toý-märekesiniň öňünde başyny silkip, toýnak kakyp, oýun edip, biziň şatlygymyzy paýlaşýan owadan bedewlerimizden aýry göz öňüne getirip bilmeýäris. Türkmene ylahydan berlen bu behişti bedewlere bolan sarpasy, olaryň döredýän eserlerinde öz beýanyny tapýar.
.
AMANÝAZ KULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite
çeperçilik mekdebiniň mugallymy.
Teswirler