Sanly tehnologiýanyň mümkinçilikleri

Ylmyň gazananlaryna laýyklykda internet tehnologiýasy bölek söwdadan bank ulgamyna çenli ähli ugurlara öz täsirini ýetirdi. Bu ýagdaý diňe adamlaryň gündelik durmuşyna däl, eýsem, senagat we önümçilige hem gönüden göni täsir ýetirýär. Indi iň ýönekeý bolan tölegi hem galtaşyksyz usulda amala aşyryp bolýar. Galtaşyksyz tölegi bank kartlary, ýörite mobil programmaly smartfonlar arkaly ýerine ýetirip bolýar. Ösen  tehnologiýa internet elýeterliligi bolan islendik ýerden köp zady satyn almaga mümkinçilik berýär. Tehnologiýadan we emeli aňdan peýdalanýan edara-kärhanalar müşderilerine dürli hyzmatlary we ýeňillikleri hödürleýär. Kompaniýalarynyň işläp taýýarlaýan täze töleg ulgamlary bölek söwdada elektron gapjyk, wirtual terminal, wirtual kart ýaly ýeňillikleri berýär.

Emeli aň tehnologiýasynyň döredýän mümkinçilikleri müşderileriň diňe ýokary hilli hyzmat bilen üpjün edilmegini ýola goýman, eýsem, olaryň wagtyny hem tygşytlamaga ýardam edýär. Mysal üçin, müşderi internet dükany arkaly satuwa çykarylan egin eşikleriň bu tehnologiýa arkaly görüp bilýär. Aragatnaşygyň ösmegi netijesinde elektron kiosklar hem peýda boldy. Bu ulgam her müşderä onuň halaýan harydyny elýeterli edýär. Soňky wagtlarda taýýarlanan maglumatlara görä, 2022-nji ýyla çenli diňe söwda ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagy bilen 60 milliona golaý iş ornunyň dörejekdigi çaklanylýar. Indi birnäçe ýyldan bäri sesli buýruklary ýerine ýetirýän tehnologiýalar köplere tanyş bolsa gerek. El telefonyňdan haýsydyr bir şäheriň howa maglumatyny bilmek üçin onuň adyny aýtmak ýeterlik. Barha kämilleşdirilýän bu tehnologiýa başga zatlar gözlenende hem giňden ulanylýar. Bir-iki ýyldan bäri dürli ýygnakdyr maslahatlaryň, hatda okuw sapaklarynyň hem onlaýn, ýagny uzak aralykdan geçirilmegi ýola goýuldy. Indi ösen aragatnaşyk tehnologiýasy diňe sesi däl, suraty hem göni ýaýlym arkaly köpçülige ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Mähri MUHADYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok