Ösümlikler nähili ösýär?

Haýwan öýjüklerinden tapawutlylykda ösümlik öýjükleri gaty öýjük diwarlary bilen gurşalan. Şeýle-de bolsa, olar ösmegi we köpelmegi başarýarlar. Onda olar nädip ösýärler geliň öwreneliň!

Ösümlik öýjüklerini gurşap alýan diwarlarda üç esasy komponent bar: sellýuloza, gemisellýuloza we pektin. Sellýuloza molekulalary demirbeton diwarlaryň içindäki demir çybyklara meňzeýär. Bu ösümlik gurluşyna güýç berýän esasy komponentlerdir. Gemisellýuloza sellýuloza molekulalaryny birleşdirip, güýji has-da berkidýär. Pektin ähli gurluşy bilelikde saklaýar.

Oksin atly gormonyň ösümlik öýjükleriniň ösmeginde rol oýnaýandygy mälimdir. Adyny grek sözünden “ösmek” manysynda alyp, bu molekula öýjükleriň ösmeginde rol oýnaýan beýleki molekulalary öndürýän genleri işjeňleşdirýär. Bu gormon miweleriň, tohumlaryň we kökleriň ösmeginden başlap, şahalaryň ösmegine we ýapraklaryň döremegine çenli ösümliklerdäki ähli ösüş proseslerinde işjeň rol oýnaýar.

Oksin gormonynyň ösüşe nädip itergi berýändigini düşündirmek üçin öňe sürlen teoriýalardan biri, oksiniň öýjükleri has kislotaly edýändigi aýdylýar. Oksiniň öndürilmegine itergi berýän maddalar hem kislotany ýokarlandyrýar. Bu teoriýa görä, oksin gormonynyň döremegindäki kislotanyň köpelmegi öýjük diwaryny emele getirýän we öýjügiň ösmegini aňsatlaşdyrýan komponentleriň arasyndaky baglanyşygy gowşadýar.

Ýakyn wagta çenli oksin gormonynyň kislotany nädip ýokarlandyrýandygy belli däldi. Şeýle-de bolsa, Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary bu prosesiň jikme-jikliklerini ýagny, oksiniň täze funksiýasyny açandyklaryny habar berdiler.

Alymlar, oksiniň protonlaryň öýjük diwaryna sokulmagy bilen öýjük diwarynyň kislotasyny ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Daşky gurşawyň kislotasynyň ýokarlanmagy, sellýuloza bilen gemisellýuloza molekulalarynyň arasyndaky baglanyşygy bozýan ekspansin belogynyň işjeňleşmegine mümkinçilik berýär. Protonlary öýjük diwaryna sokmak, öýjüge suwuň girmegine mümkinçilik döredýär we şeýlelik bilen öýjügiň içindäki basyşy ýokarlandyrýar. Öýjük diwary ýeterlik ýumşasa we içki basyş ýeterlik derejede ýokary bolsa, öýjük çişip başlaýar.

Jennet ŞAMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok