Milli baýlygymyzyň hukuk esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterilýär. Biziň ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir we olary şu güne çenli aýap saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler.

Bu günki günde milli gymmatlyklarymyzyň hukuk esaslary Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidildi. Şolaryň biri hem “Atçylyk we atly sport  hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genefondyny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylýan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirilýär. Kanunda berkidilişi ýaly, Atçylyk babatda seçgi­­-tohumçylyk işiniň gazanlalaryna awtorluk hukugy we intellektual eýeçilik hukugy bardyr. Atçylyk döwlet we hususy eýeçilik  hukugyna esaslanýar. Bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew atynyň pasportynyň berilmegi onuň at eýesine degişlidigine esasy bolup durýar.  

Milli Liderimiz ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga çekmekde, milli at üstündäki oýunlary gaýtadan dikeltmekde ägirt uly işleri durmuşa ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen atçylygyň ösdürilmegi hemmişe üns merkezinde saklanýar. Ýeri gelende bellläp geçsek, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip geçirilýär. Bu ýyl hem däp bolşy ýaly, 24-nji aprelde Balkan welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip geçiriler.

.

Altyn BABYŞOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok