Gowaça bütin ösüş döwründe ýokary ideg işlerini talap etýän ekindir. Gowaçadan ýokary hasyl almak üçin onuň kadaly ösmegine oňaýly täsir edýän ähli şertleri döredip, ösüşiniň bütin dowamynda agrotehniki çäreleri öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek gerek. Gowaçanyň esasy ideginiň biride hatarara bejergisidir. Onuň hatararalarynyň wagtly-wagtynda bejerilip durulmagy ekin meýdanlarynda haşal otlaryň azalmagyna, topragyň üstki gatlagynyň ýumşak, suw, howa we ýylylyk geçirijiliginiň kadaly bolmagyna, yzgaryň uzak saklanyp, zyýanly duzlaryň ýüze çykmagynyň kemelmegine, mineral dökünleriň ýeterlik çuňluga dökülmegine, endigan özleşdirilmegine, suw tutmak işini ýokary derejede geçirmäge hem-de hasyl synalarynyň saklanmagyna ýardam edýär.
Gowaça hasyla durýan döwründe, has takygy, gunçalap-gülläp başlan döwründe hatarara bejergisini geçirmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi bu döwürde onuň iýmite, suwa we beýleki şertlere talaby örän ýokary bolýar. Hatarara bejergi gowaça ösüş suwy tutulandan soň, toprak taba gelen dessine geçirmeli. Hatarara bejergi ösüş suwundan soň ýer tapdan çykarylyp geçirilse onuň hili ýaramaz bolýar, toprakda uly kesekler emele gelýär, gowaçanyň ýaşajyk kökleri gyrylýar, kadaly ösüşiň bozulmagyna we pagta hasylynyň azalmagyna sebäp bolýar. Ösüş döwründe gowaçanyň hatararalary 4-6 gezek kultiwator arkaly bejerilse, 2-3gezek otag edilse ýeterlik bolýar.
Gowaça gögerip, hatar tutan badyna birinji hatarara bejergisini geçirmeli. Hatarara bejergisiniň gowaçalar gögeren dessine başlanmagy ekin meýdanlarynda haşal otlaryň gögerip çykmagynyň öňüni almaga, toprakda howa çalşygynyň gowulanmagyna kök çüýreme keseli bilen kesellemezligine ýardam edýär. Hatarara bejergisini geçirmegiň esasy maksady topragy ýumşak saklamakdan, yzgaryň ýitgisini azaltmakdan, zyýanly duzlaryň ýokary galmagynyň öňüni almakdan, haşal otlary ýok etmekden, gowaçanyň oňat ösüp, kadaly boý almagy üçin amatly howa, iýmit we suw şertlerini döretmekden ybaratdyr.
Soňky hatarara bejergilerinde kultiwatoryň gyraky iş gurallary bolan päkiler 8-10, ortaky iş gurallary bolsa 16-18 santimetr çuňluga sazlanýar we gorag zolagy birinji bejergidekä görä birneme inliräk, 20-24 santimetr edilip goýulýar. Sebäbi şol döwre çenli gowaçalar şaha ýaýradyp başlaýar. Şonuň üçin kultiwatoryň iş gurallaryny gowaça düýplerine golaý sazlamak bolmaýar. Şeýle edilende 90 santimetr edilip ekilen meýdanlarda hatararanyň 65-70 santimetri bölegi bejerilýär. Hataryň her tarapynda bejerilmän galýan 10-12 santimetr gorag zolagynyň otuny kätmen bilen aýyrmaly bolýar.
Gowaçanyň 90 santimetr hatarara edilip ekilen meýdanlarynda topragy bejermek üçin kultiwatora 5 sany naralnik oturtmaly. Birinji hatarara bejergisinde çet gyraky naralnikleri 6-8, iç gyrakylarynyňkyny 8-10, ortakylarynyňkyny bolsa 12-14 santimetr çuňluga sazlamaly. Gowaçanyň soňky hatarara bejergilerinde kultiwatoryň iş gurallarynyň çuňlugyna degişlilikde 8-10, 8-14 we 15-20 santimetr çuňluga sazlamaly. Hatarara bejergisi bilen birlikde ýaş gowaçanyň kadaly ösmegi, boý almagy üçin otag we ýekeleme geçirmegiň hem ähmiýeti uludyr. Gowaçany ýekelemegiň amatly möhleti 1-2 sany hakyky ýaprak emele gelýän döwründe, ýurdumyzyň günorta etraplarynda 15-nji aprelden 15-nji maýa, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda bolsa 20-nji aprelden 20-nji maýa çenli döwür hasaplanýar. Şu döwürde hatarara bejergi geçirilse gowaçanyň şahalary döwülýär, irki gozalary gaçýar, ýokarky işjeň kökleri gyrylýar. Hatarara bejergileri has giçki möhletlerde dowam etdirilende bu iş gowaça düýpleriniň ýykylmagyna hem sebäp bolýar. Şoňa görä-de gowaçanyň hatararalary tapyşandan soň gögeren iri haşal otlary kätmen bilen aýyrmaly.
Gowaçanyň hatarara bejergisini has giçki möhletlerde diňe giç ekilen, gurpsuz toprakly atyzlarda geçirmek bolar. Şonda gowaça düýplerine zeper ýetmez ýaly bejergi geçirýän traktoryň tekerleriniň öňüne gorag enjamlaryny dakmak, kultiwatoryň iş gurallarynyň ýokarky böleklerine bolsa esgidir halta oramak maslahat berilýär.
Rejepmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler