Türkmenistan-Russiýa özara hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

Taryhy çeşmeler boýunça Türkmenistan Russiýa bilen köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gözbaşyny müň ýyllyklardan alýan Türkmenistan – Beýik ýüpek ýollarynyň ýüregi bolan, geografik ýerleşişi boýunça goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmäne amatly, söwda kerwenleriniň ýörän ugryndan rus patyşasy geçen asyrlaryň 1881 – 1901-nji ýyllar aralygynda günbatardan–gündogara demir ýol we Amyderýada iki sany köpri gurdurýar.

SSSR döwründe ýer üsti we ýer asty gymmatly baýlyklara eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňişleýin berkitmek üçin, ýurdumyzyň gündogaryndan demirgazyk eteklerine çenli demir ýol çekilýär we Özbegistan, Gazagystan we Russiýa ýaly döwletler bilen gatnaşyklar etmäne mümkinçilik berýär.

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan we Eýran aralyklarynda gurlan demir ýol, şol döwletler üçin pars aýlagyna çenli gysga ýol bilen ykdysady, medeni we halk hojalygy üçin hyzmatdaşlyk etmäne doly goldaw berýär. Gahryman Arkadagymyzyň Amyderýada gurup beren halkara demir ýol we awtomobil köprileri gurluşygy tamamlanmaly Aşgabat – Türkmenabat awtoban ýoly bilen Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan we Owganystan hem Täjigistan ýaly ýurtlar arasynda hyzmatdaşlyk etmäne mümkinçilik berer. Bu ýol Russiýa döwleti bilen hem arabaglanyşyk saklamana amatlylyk döreder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýanyň Daşary işler ministri S. Lawrow bilen duşuşmak üçin Moskwa şäherinde resmi saparda boldy. Sapar wagtynda geçirilen gepleşiklerde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşigiň netijesinde Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda täze derejä çykarylandygy, yzygiderli we maksada okgunly ösdürilýändigi bellenip geçilýär.
2022-nji ýylyň 8-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz öz gutlagynda “Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geçen ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça diýen ýaly hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny we gowy netijeleriň gazanylandygyny nygtap geçmek bilen türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hem depginli ösdürilýändigini belledi, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleriň dowam etmegi, iki doganlyk halkyň bähbidine, halk we oba hojalyklarynyň ykdysady durmuş ýagdaýyna oňaýly täsir eder.

Handurdy ORAZMUHAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok